Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda britan esgeri partlamada heläk boldy


Britaniýanyň Goranmak ministrligi günorta Owganystanda bir britan esgeriniň partlamadan wepat bolandygyny aýdýar.

Ministrlik ol esgeriň Helmand welaýatynyň Sangin etrabynda, pyýada patrulda wagty öldürilendigini aýtdy.

Britaniýa çarşenbe güni Sangindäki esgerlerini oktýabr aýynda ol ýerden çykarjagyny aýtdy. Bu ýerde Britaniýanyň ýüze golaý esgeri wepat boldy.

Soňky ölüm 2001-nji ýylda owgan urşy başlaly bäri öldürilen britan esgerleriniň sanyny 313-e ýetirýär.
XS
SM
MD
LG