Sepleriň elýeterliligi

ABŞ owgan bombalaryna 3 milliard dollar zyňýar


Amerikan resmisi Birleşen Ştatlaryň Talybanyň ýasaýan we owgan urşunda ulanýan gödeňsi bombalaryna garşy niýetlenen enjamlar üçin 3 milliard dollar harç etjegini aýdýar.

Elde ýasalan partlaýjylar diýilýän halkara hem owgan güýçlerine garşy ulanylýan esasy ýaraga öwrüldi.

Birleşen Ştatlaryň goranyş resmisi Aşton Karter bu enjamlaryň häzir şeýle bombalara garşy ulanylýan abzallardan azyndan iki esse köplediljegini aýdýar.

Karter gelýän aýlarda Owganystana has gowy gözegçilikli, agyr bronlanan ulaglaryň, bomba, mina kesgitleýji robotlar ýaly tehniki enjamlaryň getiriljegini aýtdy.

Ol bu enjamlaryň ýany bilen bir müň çemesi ekspertiň hem geljegini belledi.
XS
SM
MD
LG