Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýa terrorda gümanlanýan üç adamy tussag etdi


Norweg polisiýasy al-Kaýda bilen ilteşikli hasaplanýan we terror hüjümini planlaşdyrmakda güman edilýän üç adamy tussag edendigini aýdýar.

Norwegiýanyň Howpsuzlyk gullugy polisiýasy güman edilýänleriň Birleşen Ştatlarda we Britaniýada derňew astynda bolan adamlar bilen gatnaşyk edendigini aýdýar.

Atlary aýdylmaýan tussaglar bir ýyldan gowrak wagt gözegçilik astynda bolupdyr.

Polisiýanyň sözçüsi tussaglaryň biriniň uýgur asylly norwegiýalydygyny, ikinjisiniň yrak asyllydygyny, üçünjisiniň bolsa özbekdigini, bularyň ikisine Norwegiýadan hemişelik oturym berlendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG