Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Srebrenisa gyrgynynyň pidalary hatyralanýar


Bosniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Nezuk obasyndan 5 müňden gowrak adam 110 kilometrilik ýörişe, Srebrenisa ugrady.

Olar bu ýere ýekeşenbe güni, 11-nji iýulda, gyrgynçylygyň 15 ýyllyk ýyl dönümine barmaly.

Serb güýçleri 1992-1995-nji ýyllaryň Bosniýa urşy mahalynda Srebrenisa şäherine hüjüm edip, 8 müňden gowrak musulman erkegini gyrgyna beripdi.

Srebrenisa şol wagt Birleşen Milletler Guramasynyň goraýan ýeridi, BMG-niň parahatçylyk esgerleri 1995-nji ýylyň iýulynda bolan gyrgynçylygyň öňüni alyp bilmändi.
XS
SM
MD
LG