Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, Britaniýa Eýrandaky daşlap öldürmegi ýazgarýar


Birleşen Ştatlar we Britaniýa Eýranda planlaşdyrylan daşlap öldürmegi ýazgardy we häkimiýetleri bu jezany ýerine ýetirmekden saklanmaga çagyrdy.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner Waşingtonda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Eýranyň häkimiýetlerini Graždan we syýasy hukuklar boýunça halkara konwensiýasy babatdaky borçlaryna wepaly bolup, bu praktikany soňlamaga çagyrdy.

Biraz öň Britaniýanyň daşary işler sekretary Williýam Heýg Tähranyň planlaşdyran daşlamasyny «orta asyr jezalandyrmasy» hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.

Olar 43 ýaşly Sakine Modammadi-Aştianiniň zynada aýyplanyp, ölüme höküm edilmegini ýazgarýarlar.

Halkara günä geçiş guramasy bu aýalyň 2006-njy ýa-da 2007-nji ýylda sud edilendigini we ozal oňa 99 dürre urlandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG