Sepleriň elýeterliligi

Hindi aýaly türkmen uçarynda çaga dogurdy


Türkmenistanyň Howa ýollaryna degişli Boeing 757-200 uçary Aşgabatdan uçup, Hindistanyň Amritsar şäherinde gonandan soň, uçaryň hajathanasyndan täze doglan oglanjyk tapyldy.

Bäbek gyssagly hassahana eltilip, içine salnan tualetinden azat edildi. Hassahana oglanjygyň ýagdaýynyň agyrdygyny aýdýar.

Uçaryň üstünde dogran bäbegini taşlap gaçmaga synanan 25 ýaşly hindi aýaly aeroportda saklandy we hassahana ýerleşdirildi.

Hassahana onuň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny aýdýar. Polisiýa ondan biraz soň sorag etmegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG