Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG içerki zorluk boýunça gyzgyn liniýa tälimini goldaýar


Aşgabatda içerki zorluga degişli meselelere gyzgyn telefon liniýasyny üpjün etmek boýunça tälim okuwy tamam boldy. Bu kurs Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň goldamagynda «Keýik okara» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gurnaldy.

Iki günlük tälim okuwyna guramanyň 11 wekili, şol sanda gyzgyn telefon liniýasy boýunça konsultantlary, aklawçylar, meýletinler we psihologlar gatnaşdylar.

«Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkezi içerki zorluk boýunça telefon liniýasyny ol geçen sentýabrda ýola goýlaly bäri goldap gelýär» diýip, merkeziň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG