Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň on içalysy Birleşen Ştatlardan çykaryldy


Orsýetiň on içalysy ABŞ-dan çykaryldy

x
Amerikan metbugaty Orsýet üçin içalyçylyk edendigini tassyklan agentleriň Birleşen Ştatlardan çykarylandygyny aýdýar.

AP habar gullugy kanun resmilerine salgylanyp, on adamyň häzir Moskwa ugradylandygyny ýazýar.

Nýu-Ýorkda şeýle habaryň ýaýramagy bilen bir wagtda Moskwda rus prezidenti Dmitriý Medwedew Günbataryň aňtaw gulluklary bilen gatnaşygy bar diýilýän tussaglaryň dördüsiniň günäsini geçdi.

Bu Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda Sowuk uruş döwründen bäri bolan iň uly içaly çalşygydyr.
XS
SM
MD
LG