Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy barha ýaýbaňlanýar. Şol jaýlary satyn almak üçin banklaryň berýän ipoteka kreditleri kimlere elýeterli?

Türkmen metbugatynda berlen maglumatda Bitaraplyk şaýolunda iki sany on iki gatly öýüň açylyş dabarasynyň geçirilendigi aýdyldy. Türkmenistanyň Dokma-senagaty ministrliginiň buýurmagy boýunça gurlan bu öýlere dokma-senagat pudagynyň işgärleriniň 120 maşgalasynyň göçendigi habar berildi.

Şeýle hem Andalyp köçesinde “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň tabşyrmagy boýunça köp gatly 36 kwartiradan ybarat jaýyň gurlandygy, ýene bir 48 kwartiraly uly jaýyň bolsa Bitaraplyk şaýolunda dikeldilendigi habar berildi.

Ipoteka kreditleri elýeterlimi?

Türkmenistanda ipoteka kreditini almak üçin girewine gymmat bahaly emlägiň goýulmalydygy aýdylýar. Ykdysady taýdan ösden döwletlerde satyn alynýan jaýyň özi bank tarapyndan ipoteka girewi hökmünde kabul edilýär. Emlägi satyn alan adam her aýda tölemeli tölegini yzygiderli banka geçirip durmasa, onda bank onuň bilen ylalaşyp, şol emlägi elinden alyp bilýär.

Ykdysatçylaryň tassyklamagyna görä, ipoteka karzyny bermek sistemasynyň ykdysadyýete amatly tarapy – onuň sosial ähmiýeti, ýagny ilatyň ýaşaýşyny ýeňilleşdirmekde oýnaýan roly möhüm. Adatça, ýaşaýyş jaýy bolmadyk adamlar ipoteka jaý almaga ymtylýarlar. Şeýle adamlarda bolsa köplenç girewe goýarlyk emläk bolmaýar.

Türkmenistanda bu meselede häzirlikçe üýtgeşiklik ýok. Ýagny, bankdan jaýy satyn almak üçin girewe goýarlyk emlägiň bolmaly. Bu barada Türkmenistandan žurnalist Aşyrguly Baýryýew bank işgärleri bilen söhbetdeşliginiň esasynda habar berýär.

Geçen ýyllarda Türkmenistanda ipoteka alnan jaýy kireýine berip bolmaýardy. Bankdan alan kreditiňi üzýänçäň, şeýle jaýlary satmak hem kyndy. Häzir bolsa, žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň aýtmagyna görä, bu düzgün özgerene meňzeýär. Ipoteka kreditine satyn alnan emlägi onuň eýeleri hem satyp, hem kireýine berip bilýärler. Jaýyny kireýine beren adam her aý karzyny üzmek üçin banka tölemeli tölegleri şol jaýdan gelýän girdejiden hem ýapyp bilýär.

Žurnalist A.Baýryýew Türkmenistanda gozgalmaýan emläkleriň bahasynyň diýseň ýokarydygyny aýdyp, jaýyň ululygyna, onuň hiline görä, her aýda banka ipoteka krediti üçin tölemeli tölegleriň möçberiniň 500-600 amerikan dollaryna barabar bolýandygyny aýdýar. Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanda ortaça aýlyklaryň 200 dollara barabardygy hiç kim üçin gizlin däl.

Günbatarda ýagdaý nähili?

Günbatar ýurtlaryndaky banklar esasan hususy eýeçilikde. Şol sebäpdenem olar kimdir birine karz pul, şol sanda ipoteka kreditini berjek bolsalar-da, karz soraýan adamynyň aýlyk hem ýyllyk girdejisini ykjam gözden geçirýärler. Eger hemişelik işiň hem stabil girdejiň bolmasa, soraýan karzyň alýan aýlygyňa bolan gatnaşygy hem seniň öz karzyňy bellenen möhletde üzüp biljekdigiňe ynam döretmese, onda hususy banklaryň saňa karz berjek gümany ýok.

Bu ýerde karz soraýanyň alýan aýlygy bilen soraýan karzynyň arasyndaky gatnaşyk nähiliräk bolmaly diýen tebigy sorag gelip çykýar. Günbataryň ençeme ýurtlarynda hereket edýän düzgüne görä, banklar karz soraýan adamynyň alýan aýlygynyň möçberi her aýda ipoteka boýunça tölemeli töleginiň möçberinden üç esse köp bolmasa, karz bermegi kyn görýärler.

Mysal üçin, Ýewropada üç otagly jaý satyn aljak bolýan adam ipoteka boýunça her aýda 600 dollar tölemeli bolsa, onda ol her aýda azyndan 1800 amerikan dollaryna deň aýlyk alýan bolmaly. Şonsuz islendik bank ony ygtybarsyz bergidar diýip, hasaplap biler.

Emma Günbatar ýurtlaryndan tapawutlylykda Türkmenistanda ýeňilleşdirilen kreditleri berýän banklaryň köpüsi hökümete degişli. Belki, şonuň üçindir, Türkmenistanda ortaça aýlygy 200 dollar bolan adama-da gymmat bahaly elita tipli öýleri satyn almak üçin uly möçberdäki karz pul berilýär.

“Propiska” päsgelçiligi

Žurnalist Aşyrguly Baýryýew Türkmenistanda Nyýazow döwründen bäri ýatyrylman gelýän “propiska düzgüniniň” ýurduň raýatlaryna ýetiren zyýanynyň ýokarydygyny aýdýar.

Baýryýewiň sözlerine görä, bu düzgün adamlaryň ýaşajak ýerini erkin saýlamak hukugyny bozýar. “Beýleki welaýatlarda ýaşaýan, Aşgabatda propiskasy bolmadyk gurply adamlaryň paýtagtda ýaşaýyş jaýlaryny satyn alyp bilmezlikleri adamlara öz ýurdunda erkin ýaşamaga mümkinçilik bermeýär” diýip, Baýryýew aýdýar.

“Propiska düzgünini ýatyrmaly. Goý, Marynyň, Balkanyň, Lebabayň, Daşoguzyň gurply adamlary-da paýtagtdan öý edinip bilsin” diýip, aşgabatly žurnalist öz pikirini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG