Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ykdysady ylymlaryň doktory boldy


Myratberdi Garryýew Gurbanguly Berdimuhamedowa ykdysady ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini gowşurýar, 9-njy iýul.
Myratberdi Garryýew Gurbanguly Berdimuhamedowa ykdysady ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini gowşurýar, 9-njy iýul.

Anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirilip, onda şu ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy.

Mejlisiň barşynda ýurduň ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň karary bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ykdysady ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesi berildi.

Bu alymlyk derejesi Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna» atly ylmy makalasy üçin berildi.

Ykdysady ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesinden başga Berdimuhamedowyň lukmançylyk ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesi hem bar.


Alym bolmak islemäni üçin wezipesinden boşadyldy


Çaryýar Tugyýew wezipesinden boşadylýar.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berdimuhamedow bilim ulgamynda aýratyn durup geçip, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Çaryýar Tugyýewiň adyna tankydy bellikleri aýtdy.

Berdimuhamedow ähli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň alymlyk derejesiniň bolmalydygyny aýdandygyna garamazdan, Ç.Tugyýewiň bu barada hiç bir alada etmändigine nägilelik bildirip, ony eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Prezident Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine Gurtnyýaz Hanmyradowy belledi. Şeýle-de Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň rektory Gurbangeldi Gylyçdurdyýewi pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden boşatdy we onuň ýerine Alladurdy Ataýewi belledi.

Bilim ulgamyndaky garalan esasy meseleleriň ýene biri 2010-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek baradaky meýilnamanyň prezident tarapyndan tassyklanmagy boldy.

Mejlisiň barşynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 2010-njy ýylda näçe talybyň kabul edilýändigi barada anyk maglumat aýdylmady.

Oba hojalyk pudagyndaky säwlikler

Balkan welaýatynyň täze häkimi Satlyk Satlykow
Mejlisiň barşynda Berdimuhamedow ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlerden öz nägileligini bildirdi. Oba hojalyk pudagynda öňe gidişlikleriň gazanylman, eýsem geçen ýyllarda goýberilen säwliklerden hem netije çykarylmandygyny prezident belledi. Hususan-da galla oragy döwründe galla ýygýan kombaýnlaryň 30 göteriminiň işledilmändigi üçin tankydy bellikleri aýtdy.

Oba hojalygy bilen bagly meselelerde goýberen kemçilikleri üçin Berdimuhamedow welaýatlaryň käbir etraplarynyň häkimlerini eýeleýän wezipelerinden boşatdy.

Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň häkimi Orazmyrat Nyýazlyýewi başga işe geçmegi sebäpli, wezipesinden boşadyp, bu welaýatyň häkimi wezipesine Satlyk Satlykow belledi.

Hususy gazet-žurnallar

Mejlisde prezident Berdimuhamedow ýurtda hususy gazetdir žurnallary, partiýalary döretmek hakda hem durup geçdi. Prezident partiýalary döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürýänler bar bolsa olary goldajakdygyny ýene bir gezek tassyklady.

Ýöne bu meseleleri gysga wagtyň içinde gyssagly çözmän, olara örän oýlanyşykly çemeleşmelidigini aýdan Berdimuhamedow ýurduň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz gazetiniň hem-de žurnalynyň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Beýleki ugurlarda hem hususy gazetdir-žurnallary döretmek meselesini öwrenmelidigini hem-de bu ugurda zerur işleri geçirmelidigini prezident nygtady.

Ýurtda aýlyk iş haklary galdyrylar

Duşuşygyň ahyryndaky el çarpyşmalar.
Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen 2011-nji ýylyň birinji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri zähmet şertlerine laýyklykda köpeldiler.

Zähmet pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri on göterim ýokarlandyrylar. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 350 manat möçberde bellenilmeli edildi.

Mejlisiň ahyrynda Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna 11-18-nji iýul aralygynda dynç almaga rugsat berdi.

Türkmenistanda ýurduň ähli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, beýleki işgärler ýaly, özlerine degişli her ýylky bir aýlyk zähmet rugsadyny alyp bilmeýärler. Olar diňe prezidentiň ygtyýary bilen ýylyň dowamynda bir hepde dynç alyp bilýärler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG