Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahorlar köpelýär, paralaň möçberi artýar


Indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň hökümeti, ylaýtada prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda daşary ýurtly maýadarlary ykdysady taýdan ösüp barýan ýurda inwestisiýa etmäge çagyryp gelýär.

Türkmenistanyň esasy maýa goýujylara hödürleýän proýektleriniň biri hem Awaza dynç alyş merkezidir. Aradan wagt geçen hem bolsa, näme üçindir maýa goýumçylar Türkmenistana gelmekden saklanýarlar.

Awazada häzirki günlere çenli gurulan we gurulýan gurluşyk ymaratlarynyň hemmesini Türkmenistan hökümeti tebigy gazyň eksportyndan gelýän girdejiniň hasabyna gurdurýar.

Eýýäm birnäçe ýyl bäri daşary ýurduň abraýly guramalary Türkmenistan döwletinde sermaýa ýatyrmagyň örän howpludygyny öz ýyllyk hasabatlarynda yzygiderli aýdyp gelýärler. Elbetde, onuň netijelerem häzirki günde Türkmenistanyň ykdysadyýetinde açyk görünýär.

Maddy işdäler artýar

Türkmen hökümeti aýdylýan bellikleri inkär edip, öňki heňine tutýarka, ýerli çinownikler, hamana, maýa goýumçylar ýurda asla gelmesinler diýýän ýaly, korrumpirlenen maddy işdälerini öňküdenem beter artdyrýarlar.

Türkmenistanyň Ykdysady we osüş ministrliginiň ýanyndaky ýüridiki şahslary resmileşdirýän bölüm daşary ýurtdan gelen işewür adamlary resmileşdirmek üçin ozal resmi döwlet ýygymy hökmünde 3000 müň amerikan dollaryny we öz jübülerine-de 5000 müň amerikan dollaryny alyp gelen bolsalar, indi olaryň talap edýän paralarynyň möçberi 25 000 müň amerikan dollaryna baryp ýetdi.

Şular ýaly daşary ýurt işewür adamlaryň işlerini açmak üçin, meselem, Gazagystanda resmi 200 amerikan dollary töledilýär we üç sagаdyň içinde daşary ýurt kompaniýasy işlemäge hukuk gazanýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanda soralýan paralary berip, iş açan işewür adamlar köp halatda olara Aşgabada gelip işlemekleri üçin wiza berilmeýär. Bu meselede Migrasiýa gullugy ýurduň ykdysady bähbitlerine seretmezden, gelýän maýadarlaň öňünde ullakan päsgelçilikleri döretmäge ökde. Şol sebäpdenem Türkmenistanyň prezidentiniň maýadarlara edýän çagyryşlary boş salgym bolup galýar.

Abraýdan düşürýär

Türkmenistanda döwlet çinownikleriniň talap edýän paralarynyň möçberiniň ösmegi biziň ýurdumyzy dünýä ýüzünde abraýdan düşürýär. Üstesine-de, inwestisiýa etmek örän howly diýilýän ýurtlaryň hataryna goşýar.

Saparmyrat Nyýazowdan soň, üç ýylyň içinde Türkmenistanyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly korrupsiýanyň ösmegi, talap edilýän paralaryň gabarasynyň ulalmagy hökümetiň bu ýagdaýa biparh garaýanlygyny görkezýär.

Türkmen hökümeti häzire çenli-de antimonopol we korrupsiýa garşy kanunlary kabul etmän gelýär. Bu ýagdaý hem parahorlugyň gülläp ösmegine getirýär. Eger hökümet bu ýagdaýy şu durşuna goýsa, onda ýene birnäçe ýyllap Türkmenistan dünýäde iň korrumpirlenen döwletleriň hatarynda galar.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG