Sepleriň elýeterliligi

Ady bar-da – özi ýok!


Aşgabadyň Olimpiýa stadiony

Aşgabadyň Olimpiýa stadiony

Futbol boýunça dünýä çempionaty geçende, her dört ýyldan bir gezek kelläňde şol bir sorag gaýtalanýar: näme üçin türkmenler Dünýä futbol çempionatyna gatnaşanoklar? Näme üçin biz mydam iliň oýnuna tomaşa edip oňmaly? Hany biziň öz türkmen futbolumyz? Näme üçin türkmen futbolistleri halkara ýaryşlarynyň at gaýtarym golaýyndanam gelip bilenoklar?

SSSR döwründe, düşnükli, Orsýetiň komandasyna özümiziňkidir öýdüp, göwnümizi aldap, oňa janköýerlik ederdik, emma indi olam ýok! Orsýet dünýä futbol ýaryşynda ýeňäýende-de, telpegiňi göge zyňyp, “ahyry biziňkem getirdi!” diýjek gümanyň ýok: akylyň gözüňde.

Indiden eýläk bizi diňe öz milli komandamyzyň ýeňşi begendirip biljek. Ýöne olam entek bize gynançdan başga zady eçilenok. Sebäbi garaşsyzlyk alnanyna 20 ýyl geçse-de, türkmen futbolynyň ýeten derejesi ýa gazanan ýeňşi ýok.

Futbol oýnunyň Türkmenistana aralaşanyna eýýäm bir asyr bolup barýar. Ýöne şonda-da, türkmen ýaşlary tarapyndan uçursyz söýülýän bu oýun gerimli sporta öwrülip gidiberenok. Ýogsa, häzir dünýä çempionatyna gatnaşyp, onda ýeňiş gazanýan ýurtlaňam köpüsiniň sportuň bu görnüşi bilen tanyşlygynyň taryhy biziňkiden uzak däl. Emma futbol olarda tiz kök urupdyr. Belki, biz illeriň tejribesini öwrenmelidiris? Türkmenlere hemme zatda özlerini, hamana, ýolsuz ýerden ýol açýan pionerler ýaly alyp barmak hökmanmyka? Türkmenlere iliň tejribesini öwrenmek, özleşdirmek harammy? Näme üçin biz syýasatda-da, sportda-da, beýleki ugurlarda-da eýýäm adamzat tejribesinde doly synagdan geçen ýollardan ýöremän, başyçylyk, ýarymbaşyçylyk diýen ýaly könemöwrit ýollardan ýöräp, ýurdy çökerýäris, özümize milli ösüş üçin berlen taryhy pursaty ardurja ýele sowurýarys?!

Demokratik döwlet gurluşy soňky 200 ýylyň dowamynda adamzadyň synagyndan geçen. Emma bize ony öz ýurdumyzda ornaşdyrmak üçin, ýolbaşçylarymyzyň ýöwsellik bilen ýaňzydyşlary ýaly, ýene 200 ýyl gerekmikä? Ondan bärde dogry ýoldan ýöresek, onda utularmykak? Näme üçin biziň ýolbaşçylarymyz dünýädäki iň ýyndam, iň berk, iň owadan maşynlara, uçarlara münüp, ösen tehnologiýadan peýdalansalar-da, şol ösen tehnologiýany öndürýän döwlet gurluşyny türkmene rowa görmeýärler? Beýle bolsa, özlerem eşegaraba ýa ataraba bilen gün görseler bolmaýarmyka?!

Futbol we syýasat

Näme üçin men futboly syýasat bilen baglanyşdyrýaryn? Sebäbi ol ikisiniň arasynda, isleseň-islemeseň-de, baglanyşyk bar. Haýsy ýurtda halk erkin ösýän bolsa, şol ýurtda-da futbol tiz ösýär. Men bu ugurda kadadan çykma ýok diýjek bolamok, eýse belli bir kadanyň bardygyny tekrarlajak bolýan. Ýaşaýşy erkin bolmadyk, duýgy-düşünjesine, pikirine, inisiatiwasyna erkin ýol açylmadyk halkyň hemme zatda göýdük bolup galýandygyny aýtjak bolýaryn.

Erkin ösüp bilenliginde, bir wagtlar, geçen asyryň 60-njy ýyllarynda, bizde-de futbol kök urup başlapdy. Ol wagtlar Aşgabadyň “Stroitel” komandasy (soň ”Kolhozçy” boldy) SSSR-iň 1-nji ligasynda oýnaýardy. Şol wagtlar hüjümçi Annaly Garadanow, derwezeçi Atamyrat Mämmedow, Orazsähedow, Gurban Berdiýew ýaly türkmen futbolçylary ýetişipdiler. “Stroitelde” Kazakow, Mordwinow, Mendeleýew, Pokatilow ýaly belli oýunçylar bardy. Ol döwürde türkmen radiodiňleýjileriniň uly söýgüsini gazanan Işan Garaýew atly futbol kommentatorymyz bardy. Kellesi gyzanda, ol “Pökgi derwezäniň bäş ädim ýokarsyndan gyrdyryp geçdi” diýse-de, onuň ölemen futbol janköýeridigine belet adamlar “Derwezeden ýokarlygyna uzaklyk ädimläp ölçelmez, bäş ädim ýokardan geçen topa “gyrdyryp geçdi” diýip bolmaz” diýip, teýene etmezdiler, diňe ýylgyryp oňaýardylar! Şol döwürde futboly gitdigiçe kök urup barýardy, bu oýny asyl türkmeniň elinden alyp bolmajak ýalydy…

Ýöne hany indi şol futbol? Hany milli türkmen futboly?.. Ol ýok… Ýogsa, türkmen oglanjyklarynyň, edil şol döwürlerdäki ýaly, henizem köçe-köçe, mekdep-mekdep, oba-oba, şäher-şäher bolup, futbol oýnaýandyklaryna şübhelenmek gaty kyn. Sebäbi futbol ýaňy-ýaňylaram türkmen oglanlarynyň iň gowy görýän oýunlarynyň biridi ahyryn! Emma bu oýun erkin adamlary saýlaýan eken, şonuň üçinem häzirlikçe türkmende futbolyň ady bar-da, özi ýok.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG