Sepleriň elýeterliligi

Notarial hyzmatlar, bikanunçylyk we yzagalaklyk...


Aşgabadyň Notarial hyzmatlar gullugy

Aşgabadyň Notarial hyzmatlar gullugy

Notarius sözi latynçadan terjime edeniňde, biziň dilimizde kätip, sekretar diýmekdir. Onuň ýerine ýetirýän hyzmatlaryndan ugur alsaň, onda ol kepillendiriji edara bolýar.

Bu gullugyň esasy maksady raýatlaryň we edaralaryň arasyndaky baglaşylýan şertnamalaryň hakykylygyna kepil geçmek. Ösen we ýaňy ösüşe ymtylýan döwletlerde Notarial hyzmatlary hususy edaralar amala aşyrýan bolsa, Türkmenistanda häzire çenli bu hyzmatlar döwletiň, has takygy Adalat ministrliginiň garamagynda. Döwlet bu ugurdanam öz monopol agalygyny elden bermän gelýär. Elbetde, şeýle ýagdaýlaram şol pudakda korrupsiýanyň, parahorlugyň ösmegine getirýär.

Garaşsyzylyk alnan ýylyndan tä 2000-nji ýyla çenli Aşgabatda her bir etraba degişli Notarial kontoralar işleýärdi. Birinji Notarial hyzmatlar şäheriň öňki Engels köçesi bilen Dzeržinskaýa köçeleriniň çatrygynda ýerleşse, ikinji Notarial hyzmatlar Şewçenko, üçünjisi hem Graždanskaýa köçelerinde ýerleşýärdi.

Şäheriň ýaşaýjylary Notarial hyzmatlara gaty mätäçdi. Esasan-da, az hem bolsa, hususy eýeçiligiň ýuwaş-ýuwaşdan ösmegi, daşary ýurtlara okamaga gidýänleriň sanynyň artmagy, telekeçiligiň işläp başlamagy Notarial hyzmatlara bolan islegi öňküdenem artdyrdy.

2000-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň şol wagtky Adalat ministri Gurbangeldi Kasymow paýtagtda işleýän üç sany Notarial hyzmatlar gulluklaryny birleşdirip, ony şol wagtky Minstrligiň ýerleşýän ymaratynda, öz eliniň aşagynda ýerleşdirdi. Üç gullugyň bir gulluga öwrülmegi halky diýseň agyr, kyn ýagdaýa saldy. Daňdandan gelip, nobata durýan adamlaryň sany günsaýyn köpelmese, azalmady.

Näme üçin beýle edildi?

Aşgabadyň Notarial hyzmatlar gullugy
Adalat ministrliginiň bu hyzmaty bir gulluga öwürmeginden bähbit nämedikä diýip gyzyklanamda, ilki muňa hiç bir jogap tapylmady. Emma men bu edilen işiň kimiň bähbidinedigini nobata durup görenimde bilip galdym…

Aşgabatda Notarial hyzmatlary bir nokatda resmileşdirilmegi emeli nobatlaryň döremegine getirdi. Her bir adamam, esasan-da tomus günleri, jokrama yssyda 4-5 sagatlap nobata durmajak bolup, tölenýän hyzmatlaryň üstüne artygrak pul goýup, gerek bolan hyzmatlaryny gymmat bahadan satyn almaga mejbur bolýardylar.

Ine, Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda resmi metbugatyň irmän-arman, günde gazet-žurnallarda, radio-telewideniýede «ykdysady taýdan deňi-taýy bolmadyk ýurdumyzyň gözel paýtagtynda» indi 10 ýylyň içi ýeke-täk Notarial hyzmatlar gullugy emeli ýol bilen saklanyp, yzy üzülmeýän nobatlary, rusça aýdanymyzda, «kormuşkalary» döredýär we hajymelik çinownikleriň doýmaz-dolmaz bokurdagyna hyzmat edýär.

2005-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Adalat ministri wezipesini ýerine ýetirýän Myrat Garryýew bu pudakda göze görünýän ýekeje-de üýtgeşiklik, halkyň durmuşyny ýeňilleşdirjek, halka peýda berjek işleri geçirmedi. Ýyl geçdigiçe, bu ministrlige tabyn Notarial hyzmatlar öz işlerine ýurdumyzyň Baş kanunyna ters gelýän düzgünleri, gitdigiçe köp girizýärler.

Hususy eýeçilik

Konstitusiýanyň 9-njy maddasynda «hususy eýeçilik eldegrilmesiz we onuň hemme görnüşleri tassyklanýar» diýlip aýdylanam bolsa, Notariýal hyzmatlar gullugy ilatyň hususy eýeçiliginde duran emläklere, awto ulaglara berilýän kepilnamalaryň şertlerini özleriçe tassyklaýarlar. Mysal üçin, Notariýal hyzmatlar gullugy Türkmenistanyň raýatyna öz hususy awtoulagyny kepilnama arkaly daşary ýurt raýatyna ynanmak hukugyny gadagan edýär. Öňki ýyllar şeýle kepilnamalar berilýän bolsa, häzir ony gadagan etdiler ýa-da Notarial edarasynyň işgärine para görnüşinde ep-eslije muzduny berseň, diňe şonda saňa kepilnamany ýazyp berýärler.

Aslyýetinde welin, şeýle kepilnamanyň berilmeginiň gadagan edilmegi nädogry. Hususy eýeçilikdäki zady onuň eýesi her bir islän adamsyna bermäge, ynanmaga, satmaga hakly. Bu zatlaryň hemmesi «Halkara şahsy hukugynda» doly tassyk edilýär, ýöne gynandyrýan ýeri, türkmen hökümeti häzirki güne çenli hususy eýeçilige bolan gatnaşygyny sowetler ideologiýasy döwründäki gatnaşyklara görä ýöredýär.

Notarial hyzmatlaryň başga görnüşlerinde-de şuňa meňzeş bikanunçylyk dowam edip gelýär. Awtoulaglara kepilnama alanyňda, onda goýulýan seneden (möhletden) hem gullugyň işgärleri köp pul ýasaýarlar. Kepilnama möhleti goýlanda, onuň hak eýesinden näçe ýyla çenli ulagyny bermäge razydygy soralmaly. Kanun boýunça, kepilnama üç ýyla çenli berilmeli. Notarial hyzmatlar gullugyň işgärleri bu meselede-de özlerine bähbitli ýol bilen işlemegi başarýarlar. Kepilnamanyň resmi töleginiň üstüne pul berene onuň möhletini üç ýyl, pul bermedigiň kepilnamasyny bolsa bir ýyl diýip kesgitleýärler.

Ýene şeýle bikanunçylyk kepilnama töledilýän puluň resmi bahasyna girýär. Awtoulagyň eýesi öz maşgalasyndan bolan ýakyn garyndaşyna kepilnama berende, oňa köne puldan 150 müň manat, eger ol başga bir adama, ýoldaşyna ýa-da goňşusyna berse, 300 müň manat töledýärler. Beýle düzgün, garaňky Orta asyrlarda bolaýmasa, häzirki zamanda duşmaly zat däl. Hanlar we begler köprüden geçen adamlaryň egin-eşigine seredip, arassarakdan azrak, ýeňiýolukdan köpräk salgyt alýan ekenler.

Basan ýeriň batgalyk…

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň esasy borjy ýurtda kanunçylygyň doly we dogry berjaý edilmeginden ybarat bolmaly. Eger-de onuň garamagyndaky Notarial hyzmatlar gullugy bikanunçylyga ýol berýän bolsa, onda adalat nirede bolsun?

Basan ýeriň batgalyk… Türkmenistanyň hemme pudaklarynda diýen ýaly korrupsiýa batgasy günsaýyn çuňalýar. Elbetde, muňa garşy atly-ýaragly çykanyň netije bermez. Şonuň üçin Türkmenistanyň Adalat ministrligi ilki bilen Aşgabat şäheriniň dört sany etrabynyň her birinde, aýratyn Notarial hyzmatlar gullugyny açmaly. Munuň bilen birlikde ýurtda hususy notarial gulluklarynyň döremegini gazanmaly. Beýle praktika eýýäm goňşy Özbegistanda-da durmuşa geçirildi.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi Notarial gulluklaryň ýöredýän düzgünlerini ýurduň esasy kanunyna çapraz gelmez ýaly ýagdaýda kadalaşdyrmaly. Alnyp barylýan işleriň ilki bilen adamlara bähbitli bolmagyny gazanmaly. Sebäbi döwlet strukturalary halka hyzmat etmeli. Eger döwlet öz bähbitlerini halkyňkydan, her bir graždanynyňkydan ileri tutsa, onda beýle hökümet halka garşydyr.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG