Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ispaniýanyň ýygyndy komandasy dünýäniň çempiony


Öten agşam futbol boýunça dünýä ýaryşynyň final oýnunda Ispaniýanyň ýygyndy komandasy Gollandiýanyň ýygyndy komandasyny 1-0 hasap bilen utup, dünýäniň çempiony boldy.

Günorta Afrikanyň Ýohannesburg şäherinde geçirilen bu oýnuň esasy wagty 0-0 hasap bilen tamamlandy.

Goşmaça berlen wagtyň tamamlanmagyna sanlyjy minut galanda bolsa, Ispaniýanyň komandasyna hasaby açmak başartdy we netijede oýun 1-0 hasap bilen Ispaniýanyň haýryna tamamlandy.

Şeýlelikde, Ispaniýanyň ýygyndy komandasy taryhda ilkinji gezek futbol boýunça dünýäniň çempionlygyna eýe boldy.
XS
SM
MD
LG