Sepleriň elýeterliligi

Ugandada yzly-yzyna birnäçe bomba partladyldy


Düýn Ugandanyň paýtagty Kampala şäherinde yzly-yzyna birnäçe bomba partlamasy amala aşyryldy.

Bu partlamalar, hususan-da, futbol boýunça dünýä ýaryşyny telewizor arkaly görkezýän iki sany restoranda amala aşyryldy.

Ýerli habar serişdeleri bu wakalarda azyndan 20 töweregi adamyň ölendigini habar berýärler. Maglumatda ölenleriň arasynda käbir daşary ýurtly raýatlaryň, şol sanda, bir amerikan raýatynyň hem bardygy aýdylýar.

Ugandanyň polisiýasy bu partlamalaryň düýbi Somaliýadaky yslamçy ekstremistik «Al-Şabab» topary tarapyndan gurnalan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG