Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda Halk Mujaheddinler guramasynyň 39 agzasy tutular


Düýn Yragyň sudy Eýranyň oppozision Halk Mujaheddinler guramasynyň 39 sany agzasynyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi.

Yragyň sudy bu gürrüňi edilýän adamlary ynsanýete garşy jenaýat edenlikde aýyplaýar.

Yragyň Ýokary Tribunalynyň metbugat sekretary Mohammed Abdul-Sahib Eýranyň oppozision Halk Mujaheddinler guramasynyň 39 sany agzasynyň 1991-nji ýylda Yrakda ýüz beren halk gozgalaňlarynda diktator Saddam Husseýniň režimine goldaw berip çykyş edendiklerini aýdýar.

Eýranyň resmi hökümeti, şeýle hem Yrak we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýranyň oppozision Halk Mujaheddinler guramasyny terrorçy gurama diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG