Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň premýeri Müsüriň prezidenti bilen duşuşar


Düýn Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu şu hepde özüniň Müsüriň prezidenti Hosni Mubärek bilen Kairde duşuşjakdygyny mälim etdi.

Ol Kaire etjek bu saparynyň we ol ýerde geçirjek gepleşikleriniň Ysraýyl bilen Palestinanyň resmileriniň göni gepleşikleri geçirmeklerine ýardam eder diýip umyt edýändigini aýtdy.

Geçen hepdäniň sişenbe güni Benýamin Netenýahu Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen geçiren duşuşygynda-da Ysraýyl-Palestin meselelerini ara alyp maslahatlaşypdy.

Şol gepleşikleriň yzy bilen eden çykyşlarynda Benýamin Netenýahu bilen Barak Obama ýakyn wagtlarda Ysraýyl bilen Palestinanyň resmileriniň ýüzbe-ýüz gepleşik geçirmeklerine umyt edýändiklerini belläpdiler.
XS
SM
MD
LG