Sepleriň elýeterliligi

Srebrenisada obasynda ýörite hatyra çäresi gurnaldy


Düýn Bosniýanyň Srebrenisa obasynda 1995-nji ýylda serb harbylary tarapyndan köpçülikleýin gyrlan ýerli ýaşaýjylaryň hormatyna ýörite hatyra çäresi gurnaldy.

Gyrgynçylygyň 15 ýyllygyna gabatlanylyp gurnalan bu hatyra çäresine on müňlerçe adam gatnaşdy.

1995-nji ýylyň tomsunda Bosniýanyň şu Srebrenisa obasynda 8 müňe golaý parahat ýaşaýjy, şol sanda, kämillik ýaşyna ýetmedik ýaş oglanlar hem köpçülikleýin öldürilipdi.

Düýn şol gyrgynçylykda öldürilen adamlardan 775-siniň jesediniň galyndylary Srebrenisa obasynyň golaýyndaky mazarystanlykda gaýtadan jaýlanyldy.

Bu hatyra çäresine gatnaşan daşary ýurtly resmileriň hatarynda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan, Fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuşner, Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç, Horwatiýanyň prezidenti Iwo Ýosipowiç we Birleşen Ştatlaryň Bosniýadaky ilçisi Çarlz Engliş dagylar hem boldular.
XS
SM
MD
LG