Sepleriň elýeterliligi

Amerikan diplomaty: “Demokratiýa wagt talap edýär”


Adam hukuklary boýunça ýokary derejeli amerikan diplomaty Maýk Pozner

Adam hukuklary boýunça ýokary derejeli amerikan diplomaty Maýk Pozner

Ýakynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Gündogar Ýewropada hem-de Kawkazda ýerleşýän käbir ýurtlara sapar edip, şol ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen dürli meseleler, şol sanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada pikir alyşdy.

Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky habarçysy Hezer Maher Klintonyň bu sapary barada adam hukuklary boýunça ýokary derejeli amerikan diplomaty Maýk Pozner bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillary Klintonyň ýakynda Gündogar Ýewropa we Kawkaza eden saparyna Döwlet departamentiniň özünde nähili baha berilýär?

Maýk Pozner: Meniň pikirimçe, umuman aýdylanda, bu sapar gaty gowy garşylandy. Bu sapar Klintonyň Döwlet sekretary hökmünde şol regionda ýerleşýän esasy ýurtlara baryp, özara bähbitli hem-de alada döredýän meseleler, şeýle-de gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşmagy, graždan jemgýyetçiligi bilen duşuşmagy üçin gowy pursat boldy.

Meniň pikirimçe, Klinton bu saparyndan garaşylýan maksatlara ýetdi. Onuň bu sapary we geçiren duşuşyklary özara bähbitli meseleler barada gepleşikler geçirmäge hem-de gatnaşyklary artdyrmaga esas bolup hyzmat etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de regionda adam hukuklary, graždan jemgýyetçiligi we demokratiýa boýunça talaplarymyzyň kadaly gatnaşyklaryň çäginde öňe sürülmeginiň dowam etdiriljekdigi hem mälim edildi.

Azatlyk Radiosy: Klintonyň sapara baran regionyndaky mundan bäş ýyl ozalky ýagdaý häzirkisinden has gowy ýalydy. Sebäbi ençeme ýurtlarda amala aşyrylan rewolýusiýalar şol ýurtlaryň käbirlerinde reformalaryň amala aşyrylmagyna sebäp bolupdy. Emma şu günki gün regionda käbir yzagaýdyşlyklaryň bardygyna göz ýetirmek mümkin. Siz şu nukdaýnazardan regiondaky ýagdaýlara nähili baha berýärsiňiz?


Maýk Pozner: Men ýurtlara baha bermekden saklanmak isleýärin. Emma, umuman aýdylanda, reňkli rewolýusiýalardan uly zatlara garaşylypdy. Olardan käbirleri garaşylan netijäni bermedi. Emma meniň bu mesele hakda aýtjak zadym: demokratiýany ornaşdyrmak prosesi belli bir möhlet ýa-da saýlawlar arkaly kesgitlenýän zat däl.

Uzak möhletli bolup biläýjek demokratiýalaryň döremegi oňa esas bolup hyzmat etjek bloklaryň döredilmegine baglydyr. Biziň häzirki döwürde şaýat bolýan zadymyz, belki-de, demokratiýany we institutlary döretmek işiniň wagt talap edýänligine göz ýetirilip başlanmagydyr.

Demokratiýany ýola goýmak üçin yzygiderli tagalla etmeklik zerurdyr. Döwlet sekretarynyň Krakowda eden çykyşynda hem aýdyşy ýaly, bu işi amala aşyrmak üçin ýylyň 365 gününde iş alyp barmak gerek.

Saýlawlar geçirileni bilen ýurtda güýçli sýyasy partiýalar, hakyky manyda garaşsyz media, ilatyň uly bir böleginiň internete elýeterliligi we zenanlaryň ýurdy dolandyryjy organlaryň bir bölegi bolmagy üçin zerur şertler bolmasa, şol ýurtlartyň käbirlerindäki ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.

Häzirki döwürde ähli güýçler, şol sanda biz birneme yza çekilip, demokratiýa esas bolup biläýjek şol bloklary iş ýüzinde nähili döredip bolar we uzak möhletli bolup biläýjek elementleri gurmak üçin nämeler etmeli diýlen mesele barada pikirlenýäris.

Azatlyk Radiosy: Hillary Klinton Azerbaýjana baryp gaýdandan soň, graždan aktiwistleri onuň Bakuwa saparynyň dowamynda metbugat azatlygy we graždan jemgýyetçiligi hakda o diýen berk çykyş etmänliginden şikaýat etdiler. Adnan Hajizade we Emin Milli ýaly blogerleriň türmede saklanmagy we Klintonyň Bakuwa eden saparynyň yzýany bilen beýleki žurnalist Aynulla Fatullaýewiň türme tussaglygynyň möhletiniň uzaldylmagy şol şikaýatlaryň dogrudygyny tassyklanokmy?

Maýk Pozner: Men Klintonyň Fatullaýew we türmede saklanýan blogerler bilen bagly meseläni galdyranlygyny bilýärin.

Döwlet sekretary adam hukuklarynyň ýagdaýy barada ýolbaşçylar bilen geçiren duşuşyklarynda hem-de halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynda alada bildirdi.

Men Hanym Klintonyň ýanynda däldim. Şonuň üçin bu soragy Klinton bilen Bakuwa baran adamlara bermek has ýerlikli bolardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG