Sepleriň elýeterliligi

Ugandadaky partlamalarda 74 adam öldi


Ugandanyň hökümeti Kampalada bolan iki partlamany janyndan geçen terroristleriň amala aşyrandygyny aýtdy. Şol partlamalarda 74 adam öldi.

Partlamalar Bazar güni agşam iki restoranda boldy. Adamlar ol restoranlara futbol boýunça dünýä çempionatyna tomaşa etmek üçin ýygnanypdylar.

Ölenleriň arasynda daşary ýurtlylar, şol sanda bir amerikan raýaty hem bar. Bu partlamalaryň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady.

Häkimiýetleriň çaklamalaryna görä, partlamalara Somaliniň “Aş Şabaab” atly ekstremist toparynyň gatnaşygy bar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bu terror hüjümlerini berk ýazgardy. Ak Tam Ugandanyň hökümetine zerur kömegi bermäge taýýardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG