Sepleriň elýeterliligi

Medwedew: "Eýran ýadro ýaraglaryny edinmäge ýakynlaşýar"


Şu gün Orsýetiň prezidenti Medwedewiň aýtmagyna görä, Eýran ýadro ýaraglaryny edinmäge has yakynlaşýar. Ol bu barada Moskwada ilçiler bilen duşuşykda aýtdy.

Medwedew bu çykyşyny Eýrana garşy sanksiýalary Orsýetiň goldandygy üçin Moskwa bilen Tähranyň arasyna tow düşenden soň etdi.

Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmäge tarap hereket edýändigini Kremliň ykrar etmegi seýrek duş gelýän hadysa.
XS
SM
MD
LG