Sepleriň elýeterliligi

Karzaý Talybanyň öňki 50 agzasyny gara sanawdan aýyrtmakçy


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý talyplaryň 50 sany öňki agzasyny gara sanawdan aýyrmak üçin BMG-e ýüz tutmagy göz öňünde tutýar.

“Waşington Post” gazeti ady agzalmaýan owgan resmisine salgylanyp, bu hereket gozgalaňçylar bilen barlyşyk gepleşiklerine kömek eder diýendigini ýazdy.

“Waşington Post” gara sanawdakylaryň azyndan 5-niň Talybanyň öňki resmisidigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG