Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina we NATO harby türgenleşik geçirer


Ukrainanyň we NATO-nyň söweşijileri Gara deňiz regionynda iki hepdelik harby türgenleşik geçirerler.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky bu türgenleşik gury ýerde, deňizde we howa giňişliginde bolar. Oňa 12 ýurtdan 3 müň çemesi söweşiji gatnaşar.

Orsýetiň tarapdary bolan prezident Ýanukowiç NATO agzasy bolmagyň aladasyny etmekden ýüz öwürdi. Emma ýaranlyk bilen hyzmatdaşlyga rugsat etdi.

Şeýle harby türgenleşik Ukrainada 1997-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilýär.
XS
SM
MD
LG