Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Günbatary täze ýaranlyga çagyrdy


Orsýetiň prezidenti Medwedew ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bilen täze ýaranlyga çagyryş etdi.

Medwedew şu gün Orsýetiň ilçileriniň öňünde eden çykyşynda Günbatar bilen jebis hyzmatdaşlyga çagyrdy.

“Bize esasy halkara partnýorlarymyz bilen ýörite döwrebap arkalaşyk gerek. Ilki bilen Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ýewropa Bileleşigi we ABŞ bilen” diýip, Medwedew aýtdy.

Medwedew özüniň ýakynda ABŞ-a eden saparyna gowy baha berip, ABŞ-Orsýet hyzmatdaşlygynyň raketalary kemeltmek bilen çäklenmeli däldigini sözüne goşdy.

Ýakynda ABŞ bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklar içaly wakasy sebäpli az-kem dartgynlaşypdy.

Aprel aýynda Orsýet we ABŞ yadro yaraglaryna gözegçilik etmek barada täze ylalaşyga gol goýupdylar.
XS
SM
MD
LG