Sepleriň elýeterliligi

"Türkmenistan" gazeti barada ekspertiň pikiri


Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda hususy gazetdir žurnallary döretmek hakda durup geçdi.

Prezident Berdimuhamedow ýurduň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz gazetiniň hem-de žurnalynyň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny hem belledi.

Türkmen prezidenti bu baradaky çykyşynda beýleki ugurlarda hem hususy gazetdir-žurnallary döretmek meselesini öwrenmelidigini hem-de bu ugurda zerur işleri geçirmelidigini nygtady.

Öňki postsowet döwletleriniň arasynda diňe Türkmenistanda hususy media ýok. Ýurtda 5 telekanal, 25 gazet, 15 žurnal we bir habar agentligi hereket edýär. Emma olaryň hemmesi döwlet eýeçiliginde.

"USA Today" gazetinden Joş Haç
Döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan” gazeti gündelik çap edilýär. Bu gazet ýurduň esasy gazeti hasaplanýar. Emma munuň tiražy barada takyk maglumatlar ýok.

“Türkmenistan” gazetinde çap edilýän habarlaryň dizaýnyna, onuň daşky görnüşine, ulanylýan suratlara metbugat boýunça günbatarly ekspertler nähili baha berýärler?

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir ABŞ-da çap edilýän meşhur hem abraýly neşirlerden biri bolan “USA Today” gazetiniň Multimedia bölüminiň ýolbaşçysy Joş Haç bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Eliňizde Türkmenistanyň iň meşhur neşirlerinden biri bolan “Türkmenistan” gazeti bar. Gazeti synladyňyz. Gazetiň daşky görnüşine we çap edilen habarlaryň dizaýnyna nähili baha berýärsiňiz?

Joş Haç: Žurnalist hökmünde, meni halka garaşsyz maglumat berip bilýän we olary habar bilen üpjün edip bilýän azat metbugat gyzyklandyrýar, bu islendik açyk jemgyýetde bolaýmaly zat.

Bu gazetiň mende galdyran täsiri - onuň ýapyk jemgyýete gönükdirilen bir habar serişdesi bolanlygy. Bu gazet Günbataryň žurnalistika standartlaryna asla gabat gelenok.

Bu gazete, onda çap edilen habarlara syn edip aýdyp biläýjek zadym şulardan ybarat, ýagny meniň gözüme ilen zatlar şular.

Azatlyk Radiosy: Siz öz gazetiňizde esasanam multimedia bilen gyzyklanýarsyňyz. Tehniki tarapdan seredeniňizde eliňizdäki gazete nähili baha berip biljek?

Joş Haç: Bu gazet gaty agyr, reňkli we žurnalistikanyň diňe tekst görnüşine çakdanaşa üns berlip çap edilen gazete meňzeýär. Meselem, okyjylaryň ünsüni çekäýjek surat ýok. Gazetiň içki sahypalaryny açaly: bir näçe surat göze ilýär, emma umuman aýdylanda, bu gaty agyr, çakdanaşa reňkli we tekst bilen doldurylan gazet.

Elbetde, offset usulynda çap edilen gazeti internet sahypalary bilen deňeştirip, oňa baha berip bolmaz. Sebäbi Web sahypada multimedia has köp üns berilýär.

Emma bu gazete seredeniňde, onuň redaktorlarynyň halkyň ünsüni özüne çekäýjek suratlara üns berip, bu meselä döredijilikli çemeleşýänligini aýtmak kyn.

Onsuzam bu döwlet eýeçiligindäki habar serişdesi, ýagny onuň diňe döwletiň halka ýetirmek isleýän maglumatlaryna has köp üns berýänligi göze görnüp dur.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürde Eýranda we Gyrgyzystanda uly wakalar bolup geçdi. Bu ýurtlaryň ikisi hem Türkmenistana golaý ýerleşýärler, hatda Eýran onuň goňşysy. Şol wakalar tutuş dünýäde ençeme günläp esasy habar hökmünde metbugatlarda çap edildi. Emma türkmen mediasy we şol sanda eliňizdäki gazetde bu barada hiç hili maglumat çap edilmedi. Şeýle möhüm wakalara üns bermezlik bilen media näme ýitirýär?

Joş Haç: Meniň pikirimçe, döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän habar beriş serişdeleri, umuman aýdylanda, döwletiň alyp barýan syýasatyna eýerip, hökümetiň göwnünden turmaýan maglumatlary halka ýetirmezlige synanyşýarlar.

Olaryň ýitirýän zady näme diýlende, şeýle sýyasat alyp barmak bilen diňe olaryň özleri däl, halk hem ýitgä sezawar edilýär, sebäbi olar ilaty şol wakalardan habarsyz, garaňkyda saklamaga synanyşýarlar.

Şeýle maglumatlar elýeterli bolan halatynda, ilat olara özüçe baha berip, olaryň sebäplerine düşünmäge synanyşar we şunlukda olaryň dünýä garaýyşlary giňeler. Bu hem olaryň pikirleniş usulyna öz täsirini ýetirer.

Elbetde, Türkmenistan ýaly ýurtlarda ilatyň barybir syýasy kararlary kabul etmäge o diýen ygtyýary ýok. Meniň pikirimçe, şonuň üçin erkin metbugatyň roly islendik jemgyýetiň ösmeginde gaty möhüm bolup durýar.

Metbugat azatlygyna ýol bermän, demokratik we öndüriji, bilimli jemgyýet döretmek mümkin däl. Awtoritar ýurtlar, elbetde, ilatyň pikir taýdan ösmeginiň tarapdary däl. Onsoň ilatyň maglumata elýeterliligini çäklendirmek şeýle režimleriň bähbidine gabat gelýär.

Azatlyk Radiosy: Dünýäde her gün müňlerçe gazet çap edilýär, emma olaryň käbirleri beýlekilerinden düýpli tapawutlanýar. Olary biri-birinden tapawutlandyrýan esasy zatlar nämelerden ybarat?

Joş Haç: Men bu soragyňyza diňe gazeti däl, eýse habar bilen meşgullanýan guramalary göz öňünde tutup jogap bereýin. Islendik habar beriş serişdesini beýlekisinden tapawutlandyrýan zat onuň çap edýän habarlarynyň hili, şol maglumatlaryň obýektiwligi, dogruçyllygy we habaryň wagtynda halka ýetirilmegidir.

Okyjy hökmünde, meni geçmişde bolan waka gyzyklandyrmaýar. Men şu wagt näme bolup duranlygyny we onuň sebäbiniň nämedigini bilmek isleýärin. Ine, şeýle maglumatlar habar beriş serişdelerini biri-birinden tapawutlandyrýar.

Köne maglumatlary çap edýän, häzirki döwürde bolup duran wakalar barada informasiýa bermeýän we çap eden maglumatlary boýunça şübhe döredýän habar serişdeleri öz abraýyny ýitirýär.

Azatlyk Radiosy: Jenap Haç, “USA Today” gazetiniň internet sahypasyny açanyňda ýanyp-sönüp duran habarlara, multimedianyň dürli görnüşlerine, suratlara gözüň ilýär. Şeýle zatlaryň gazetiňize goşýan goşandy näme?

Joş Haç: Islendik maglumat, umuman aýdylanda, okyjylara hekaýa görnüşinde hödürlenýär we žurnalist hökmünde siz mümkin boldugyndan şol hekaýanyň hemme tarapyna okyjynyň ünsüni çekmäge synanyşýarsyňyz. Okyjynyň ünsini çekmegiň dürli usullary bar.

Olardan biri hekaýanyň gowy ýazylmagy, ikinjisi şol hekaýany, ýagny maglumaty surat bilen üpjin etmek, käbir halatlarda multimedia usullaryndan peýdalanyp halka hödürlemek zerurdyr. Multimedia diýlende grafika we wideo ýazgyny göz öňünde tutýaryn.

ABŞ uly döwlet, onuň 50 ştaty bar. Bu ýurtda çap edilýän gazetleriň, žurnallaryň we beýleki habar beriş serişdeleriniň sany-sajagy ýok. Şeýlelikde, olaryň arasynda uly bäsdeşlik bar.

Okyjynyň ünsüni çekmek üçin maglumatlary mümkin boldugyndan halkyň ünsüni özüne çekäýjek usulda çap etmeli. Grafikalardan, suratlardan, wideo ýazgylardan peýdalanmaly.

Bu diňe habaryň ähmiýetini artdyrmak bilen çäklenmän, okyjylaryň ünsüni hem özüne çekýär, olaryň bolup geçýän waka hakda gözýetimini giňeldýär.

Azatlyk Radiosy: Biz gazetiň internet sahypasy barada gürrüň etdik. Emma gazet barada gürrüň edilende, geljekde bu pudakda nähili özgerişleriň bolmagyna garaşyp bolar?

Joş Haç: Bu barada haýsydyr bir çaklama etmek kyn. Mundan 15 ýyl ozal internete elýeterlilik gaty çäklidi. Mundan 15 ýyl soň näme boljak - bu barada takyk pikiri orta atmak gaty kyn.

Meniň pikirimçe, mundan beýläk maglumat almak hasam aňsatlaşar, hatda maglumaty ýol ugrunda almak usuly has giňär. Şeýle-de habarlar dürli usullar arkaly hödürlener.

Meniň pikirimçe, geljekde maglumat almak üçin her gün gazet satyn almaga zerurlyk galmaz. Şeýlelikde, şol gazetiň her gün, hatda her sagatda ekranda özgerip duran nusgasyna bolan talabyň artmagy mümkin.

Umuman aýdylanda, gazet senagatynyň mundan 15 ýyl soň nähili boljakdygyny aýtmak gaty kyn, ýöne islendik özgerişlige garamazdan, halkyň dogruçyl maglumatlara bolan mätäçligi dowam eder.

Şeýle maglumaty olar nireden, nähili we neneňsi gurallar arkaly alarlar - bu başga mesele. Bu gurallaryň we usullaryň üýtgemegi mümkin. Emma žurnalistika bolan zerurlyk we maglumata bolan isleg dowam eder.

Azatlyk Radiosy: ABŞ bilen bir hatarda beýleki ençeme ýurtlarda gazetler kagyz görnüşinde däl-de, eýse diňe internetde çap edilip başlandy. Kagyz görüşindäki gazetleriň çap edilmegi barha azalýar. Bu ugurdan geljekde nähili täzeliklere garaşyp bolar?

Joş Haç: Meniň pikirimçe, gün geçdigiçe habar serişdeleriniň köpüsi gazeti kagyz görnüşinde çap edip, ony maşynlara ýükläp, okyjylaryna ýetirmek hysyrdylaryndan özlerini halas etmäge ýykgyn ederler.

Gazet halka maglumat ýetirmegiň diňe bir ýoludyr. Eger halky maglumat bilen üpjün etmek üçin sen internetden peýdalanýan bolsaň, ol hem žurnalistikanyň usullaryndan biridir.

Häzirki döwürde gazetlere alternatiw bolup biljek we halk arasynda barha ornaşyp barýan usullardan biri hem habarlaryň mobil telefonlar arkaly ilata ýetirilip başlanmagydyr.

Dünýäde mobil telefonlardan peýdalanýanlaryň sany barha artiýar. Geljekde habar almak üçin bu serişdeden has köp peýdalanylmagynyň mümkindigini aýtmaga esas bar.

Tutuş gazeti mobil telefonda okap başlarsyň diýmek kyn, ýöne habary halka elýeterli etmegiň diňe bir däl, ençeme usuly we ýoly peýda bolar, olaryň sany barha artar.

Azatlyk Radiosy: Gazetiň kagyz görnüşinde çap edilmeginiň bes edilip başlanmagy, hat-da habarlaryň mobil telefonlar arkaly ilata ýetirilip başlanmagy barada gürrüň etdik. Emma häzirki döwürde internet sahypasy hem bolmadyk gazetler bar. Meselem, eliňizdäki “Türkmenistan” gazetiniň internet sahypasy ýok. Şular ýaly gazetleriň geljegi hakda näme aýdyp biljek?

Joş Haç: Eger şeýle gazetleriň çykdajylary hökümet tarapyndan üpjün edilse, onda olar çap edilmäge dowam eder. Emma hususylaşdyrylan ýagdaýynda, olar maglumat bazarynda özüni saklap bilmez.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG