Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetdäki metro partlamasynyň bir günäkäri tutuldy


Düýn Orsýetiň hökümet resmileri şu ýylyň aprelinde Moskwanyň metrosynda bomba partlamasyny amala aşyran janyndan geçen hüjümçileriň esasy komekçilerinden biriniň tussag edilendigini habar berdiler.

Orsýetiň terrorizme garşy göreş boýunça Milli Komitetiniň resmileri bu tussag edilen adamyň hüjümçileri transport hem-de zerur enjamlar bilen üpjün edenlikde aýyplanýandygyny aýdýarlar.

Orsýetiň resmileri Dagystanyň Mahaçgala şäherinde geçirilen bu operasiýada düýn ýene-de alty sany aýal maşgalanyň terror hüjümine taýýarlyk görmekde aýyplanylyp, tussag edilendigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG