Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

83 ýaşly Kastro döwlet telewideniýesinde peýda boldy


Düýn Kubanyň ozalky prezidenti Fidel Kastro soňky 11 aýyň içinde ilkinji gezek ýurduň döwlet telewideniýesinde peýda boldy.

83 ýaşly Fidel Kastro döwlet telewideniýesine beren interwýusynda şu ýylyň mart aýynda Günorta Koreýanyň harby gämisiniň suwa gark bolmagynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny aýyplady.

Ol bu gämi heläkçiliginiň Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýaramazlaşdyrmak üçin Birleşen Ştatlar tarapyndan ýörite gurnalandygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG