Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Režissýor Polanski Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmez


Düýn Şweýsariýanyň Adalat ministrligi polşaly kino režissýory Roman Polanskiniň Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmegi barada Amerikan tarapynyň eden haýyşyny kanagatlandyrmakdan resmi ýagdaýda ýüz öwürdi.

Şweýsariýanyň Adalat ministrligi özüniň bu kararyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Roman Polanskä garşy degerli delilleri getirip bilmändigi bilen düşündirdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary polýak kino režissýory Roman Polanskini 1977-nji ýylda kämillik ýaşyna ýetmedik 13 ýaşly gyz bilen jynsy gatnaşykda bolanlykda aýyplaýar we onuň Birleşen Ştatlarda sud jogapkärçiligine çekilmegine aýak direýär.
XS
SM
MD
LG