Sepleriň elýeterliligi

Moldowa «Sowet okkupasiýasynyň gününi» bellemez


Düýn Moldowanyň Konstitusion sudy ýurduň häzirki wagtlaýyn prezidenti Mihaý Ghimpunyň «Sowet okkupasiýasynyň gününi» bellemek barada gol çeken permanyny ýatyrmak barada karar çykardy.

Moldowanyň häzirki wagtlaýyn prezidenti Mihaý Ghimpu her ýylyň 28-nji iýunyny «Sowet okkupasiýasynyň güni» hökmünde bellemek barada geçen aý ýörite permana gol çekdi. Onuň bu permany Moldowanyň ilatynyň we syýasy toparlarynyň arasynda gapma-garşylykly reaksiýalary döretdi.

Moldowanyň Konstitusion sudy özüniň düýnki çykaran kararynda Mihaý Ghimpunyň gol çeken permanyny «taryhy we syýasy wakalara kanuny ähmiýet bermek synanyşygy» hökmünde häsiýetlendirip, ony bikanun diýip tapdy.

1940-njy ýylyň 28-nji iýunynda şol wagtky Sowet goşunlary nasistik Germaniýa bilen baglaşylan ylalaşygyň esasynda Rumyniýanyň gündogar regionyna girip, häzirki Moldowanyň territoriýasynda öz kontrollygyny ornaşdyrypdy.
XS
SM
MD
LG