Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz hökümetiniň iki resmisi wezipesinden çekildi


Düýn Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygynyň orunbasarlaryndan ikisi geljekki parlament saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak maksady bilen öz weziplerinden çekilýändiklerini yglan etdiler.

Wezipelerinden çekilen Gyrgyzystanyň hökümet ýolbaşçysynyň orunbasary Ömürbek Tekebaýew bilen ýurduň maliýe ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Temir Saryýew şu gün ýa-da ertir özleriniň wezipelerinden çekilmekleri bilen baglanyşykly ýörite beýanat bilen çykyş ederler diýlip garaşylýar.

Ömürbek Tekebaýew «Ata meken» partiýasyna, Temir Saryýew bolsa «Ak şumkar» partiýasyna liderlik edýär.

Gyrgyzystanyň häzirki prezidenti Roza Otunbaýewa şu ýylyň oktýabr aýyna planlaşdyrylýan parlament saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýän islendik bir hökümet resmisiniň, kanuna laýyklykda, öz wezipesinden çekilmeli boljakdygyny aýdyp, çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG