Sepleriň elýeterliligi

Öňegidişlikleriň sanawy derýa bolup akdy


Şu ýylyň alty aýynda planlaryň ýerine ýetirilişine seredilip, netijeler jemlenende gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň sanawy derýa bolup akdy.

Eger bir giden ýolbaşçynyň wezipeden aýrylmagy baradaky habarlar bolmadyk bolsa, ýurtda diňe ägirt ösüşleriň dowam edýänligini aňsa boljak. Planlar dolupdyr, onda-da aňryýany bilen dolupdyr.

Gazanylan ýeňişler baradaky jarnamalaryň fonunda çalaja, öçügsi jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak ugrunda-da uly ädimleriň ädilýändigi ýaňzydyldy.

Syrly syýasat

Şu temadan gürrüň edilende, hemişe dünýä jemgyýetçiliginiň gözüniň öňünde ýurduň abraýynyň artýandygy, döwletiň we jemgyýetiň demokratik we hukuk esaslarynyň ugtalanýandygy dogrusynda beýannamalar ýaňlanýar.

Netijede, tükeniksiz, soňy görünmeýän paradoks peýda bolýar. Bir tarapdan, türkmen häkimiýetleri ýurduň gazanan nobatdaky üstünliklerini, ýeňişlerini yglan edýär. Ikinji bir tarapdan, täsirli adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar Türkmenistany repressiw režimleriň hataryna goşýar. ABŞ-daky “Freedom House” merkezi soňky hasabatynda Türkmenistany Özbegistan bilen bir hatarda “dünýäniň iň repressiw režimleriniň biri” diýip atlandyrýar.

Berilýän şeýle bahalara garamazdan, türkmen propagandasy Türkmenistanda demokratik jemgyýetiň üstünlikli gurulýandygyny, öz graždanlarynyň durmuşyny gowulandyrmak hem liberallaşdyrmak boýunça häkimiýetleriň ähdi zady edýändigini nygtaýar. Kä halatlarda bu tassyklamalar diýseň geň, hiç bir mantyga, heňe gelmeýän derejelere baryp ýetýär…

Ministrler Kabinetiniň maslahatynda ýene-de prezidentiň dilinde “konstruktiw açyk gapylar syýasaty” diýilýän jümle gaýtalandy. Bu syrly syýasat şu wagta çenli köp sanly synçylary, belki-de, Türkmenistanyň graždanlarynyň köpüsini haýran galdyrýar. Türkmenistandan çykmagyň nähili kyndygyny, bu ýerde gapandar böwet barynyň goýlandygyny türkmenistanlylar hemmeden gowy bilýär.

“Demokratik ösüş” diýip nämä düşünilýär?

Türkmenistanyň graždanlarynyň göz öňünde “açyk gapylar syýasaty” diýilýän prezidentiň özi bilen bagly aktiw herket edýär, işleýär, çünki ol köp sanly orunbasarlary, ministrleri, beýleki çinownikleri bilen häli-şindi daşary ýurtlara sapara gidýär. Ýöne ýurduň köp sanly graždanlary üçin Türkmenistan daşarky dünýä üçin ýapyk ýurt bolup galýar.

Barha ösýän daşary gatnaşyklary diňe ýurduň ýokary derejedäki ýolbaşçylary alyp barýarlar, muňuň ýönekeý graždanlara galtaşýan ýeri ýok, olar çetde galýarlar.

Şu wagta çenli bir zat düşnüksiz: Türkmenistanyň demokratik ösüşi diýip, türkmen propagandasy nämä düşünýär, nämeleri göz öňünde tutýar? Ol diňe bir umumy jümle hem şygar görnüşinde gaýtalanyp dur. Belki-de, häkimiýetler Aşgabatda gurulýan ýadygärlikleri, ministrlikleriň binalaryny demokratik ösüş hasap edýändir? Ýa-da geçen ýyl gurlan Türkmenistan-Hytaý gaz turbasyna türkmen propagandasy demokratiýanyň pugtalanmasy hökmünde garaýandyr? Eýrana berilýän gazyň möçberiniň artdyrylmagyndan ýönekeý türkmen raýatlary liberal reformalary duýup başlandyr?

Öwnere zat ýok

Hut şunuň ýaly işlerde, diňe ykdysady proýektlerde türkmen propagandasy “Döwlet halk üçindir” diýen resmi şagaryň durmuşa geçirilmesini, amala aşyrylmasyny görýär. Hakyky liberallaşma meselesinde ideologik edaralara öwnere hiç zat ýok.

Ministrler Kabinetiniň maslahatynda, hat-da prezidentiň özi syýasy partiýalary döretmäge rugsat bermek baradaky wadasynyň häzirlikçe başa barmaýandygyny boýun aldy.

G.Berdimuhamedowyň üzlem - saplam replikasyndan soň, köp partiýalylyk meselesiniň haçan - bir ýyldan ýa bäş ýyldan çözüljegi ýa-da hiç haçan bu işiň başa barmajygy –bularyň ählisi düşnüksiz, gümürtik bolup galýar.

Alty aýyň jemleri baradaky sanlar dabaraly. Sowet zamanynda sanlar köpçülikde şübhe, ynamsyzlyk döredýärdi. Nyýazow döwründe şol şübhäni köpçülikleýin gorky gysyp çykarypdy. “Täze galkynyşlar” eýýamynda özüniň kollektiwleýin mümkinçilikleri döreýär. Ýöne haýsylar?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG