Sepleriň elýeterliligi

Owgan esgeri üç britan esgerini öldürdi


Goranmak ministrligi şu gün bir owgan esgeriniň ýurduň günortasynda üç britan esgerini öldürendigini aýdýar.

Sözçi Mohammad Zaher Azimi şu gün irden bolan hüjümde britan esgerleriniň ýene dördüsiniň ýaradar bolandygyny aýtdy.

Ol hüjümçiniň gaçyp gutulandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

NATO hem günorta Owganystanda üç daşary ýurt esgeriniň öldürilendigini aýtdy. Britaniýa bu hüjümi ýazgardy.
XS
SM
MD
LG