Sepleriň elýeterliligi

Pakistan polisiýasy jeňçilikde güman edilýän ýüzlerçe adamy tutdy


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky polisiýa resmileri özleriniň güman edilýän jeňçileriň 650-den gowragyny ele salandyklaryny aýdýarlar.

Bu geçen hepde 100-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan bomba hüjüminden soň görlen çäräniň netijesidir.

Geçen dokuz aýdaky iň köp ölümli hüjümiň jogapkärçiligini pakistan Talybany öz üstüne alypdy.

Peşawar polisiýasynyň başlygy Laýakat Ali Han AFP habar gullugyna tussag edilenleriň 400 çemesiniň Peşawarda tutulandygyny we olaryň ýaraglarydyr partlaýjy enjamlarynyň tapylyp alnandygyny aýtdy.

Ýöne bu operasiýada tutulanlaryň garyndaşlary olaryň köpüsiniň bigünä adamlardygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG