Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Alyma ABŞ-ny terk etmäge rugsat bermeli


Eýranyň Daşary işler ministrligi şu gün Waşingtondaky Pakistanyň ilçihanasyndan pena soran eýranly alyma ABŞ-ny terk etmäge rugsat bermeli diýdi.

Manuçehr Mottaki Şahram Amiriniň Pakistan ilçihanasyna gelip girendigini, bu ilçihananyň Birleşen Ştatlarda Eýranyň bähbitlerine hem wekilçilik edýändigini aýtdy.

Mottaki Amiriniň derhal Eýrana iberilmegini talap edendigini we özüniň birleşen Ştatlary terk etmegine rugsat berilmelidigini aýdandygyny nygtady.

Amiriniň Waşingtondaky Pakistanyň ilçihanasynyň Eýranyň bähitblerine wekilçilik edýän bölüminden pena sorandygy ýa-da onuň ol ýere amerikan resmileri tarapyndan eltilendigi anyk däl.

Eýran Birleşen Ştatlary Amirini Saud Arabystanyna zyýarata gelende, 2009-njy ýylda alyp gaçmakda günäledi. Birleşen Ştatlar onuň ýitrim bolmagyna özüniň dahylsyzdygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň başlygy Hillary Klinton şu gün Waşingtonda gurlana metbugat ýygnagynda çykyş edip, jenap Amiriniň Birleşen Ştatlara öz erkine gelendigini we onuň yzyna ýolunyň açykdygyny aýtdy.

«Hakykatda ol Eýrana düýn ugramalydy, ýöne Eýrana barmak üçin üstünden geçmeli ýurtlar bilen bagly zerurlyklar sebäpli muny edip bilmedi» diýip Klinton aýtdy.

Şeýle-de ol Eýranyň üç sany ýaş amerikalyny öz islegleriniň tersine saklap oturandygyny aýdyp, olaryň maşgalalaryna gowuşmaklary üçin, ynsanperwerlik esasynda azat edilmelidigini gaýtalady.
XS
SM
MD
LG