Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada burka geýmek gadagan edilýär


Düýn Fransiýanyň parlamenti jemgyýetçilik ýerlerinde aýal maşgalalary boýdan-başa örtýän burka geýiminiň geýilmegini gadagan edýän kanunyň proýektini goldap ses berdi.

Bu kanuny proýektiň tarapdarlary burka geýilmeginiň Fransiýanyň dünýewi kanunçylygyna hem-de howpsuzlyk düzgünlerine garşy gelýändigini aýdýarlar. Olaryň garşydaşlary bolsa, beýle kanunyň şahsyýetiň erkinligini çäklendirýändigini hem-de munuň ýurduň Konstitusiýasyna garşy gelýändigini öňe sürýärler.

Fransiýa Günbatar Ýewropada iň köp musulman ilatly ýurt hasaplanylýar. Statistiki maglumatlara görä, häzirki wagt Fransiýada 5 million töweregi musulman dininiň wekilleri ýaşaýar.

Ýöne bu ýurtda ýaşaýan musulman aýal-gyzlardan diňe 2 müň töwereginiň boýdan-başa örtýän burka geýimini geýýändikleri habar berilýär.

Burka geýilmegini gadagan edýän kanunyň proýekti indi Fransiýanyň Senaty tarapyndan tassyklanylmaly.
XS
SM
MD
LG