Sepleriň elýeterliligi

Kubanyň türmelerinden boşadylan 7 tussag Ispaniýada


Düýn Kubanyň türmelerinden boşadylan syýasy tussaglardan ýedisi öz maşgala agzalary bilen bilelikde Ispaniýa baryp düşdüler.

Şu aýyň başynda Rim Katolik kelisesiniň araçyllyk etmeginde Kubanyň we Ispaniýanyň resmileri kubaly 52 sany syýasy tussagyň türmeden boşadylmagy hem-de olaryň daşary ýurtlary goýberilmegi barada ylalaşyga gelipdiler.

Bu gürrüňi edilýän tussaglaryň türmelerden boşadylan halatynda, munuň özi soňky 10 ýylyň dowamynda Kubanyň türmelerinden iň köp tussagyň boşadylmasy hökmünde alamatlanar.

Ispaniýanyň daşary işler ministri Miguel Angel Moratinos geljek iki günüň dowamynda ýene kubaly dört syýasy tussagyň Ispaniýa barjakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG