Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň içalysynyň elinden britan raýatlygy alyndy


Düýn Britaniýanyň hökümeti ýakynda Birleşen Ştatlarda içalyçylyk işlerinde aýyplanylyp, Orsýete ugradylan Britaniýanyň raýaty Anna Çapmeniň britan raýatlygynyň elinden alnandygyny mälim etdi.

Ozalbaşda Orsýetde doglan Anna Çapmen 2002-nji ýylda Britaniýanyň raýatyna durmuşa çykmagy netijesinde britan raýatlygyna eýe bolupdy.

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň sudy tussag astyna alnan 10 sany adamyň hatarynda Anna Çapmeni hem içalyçylykly iş alyp baranlykda günäli tapdy.

Geçen hepdäniň anna güni bu aýyplanýanlaryň hemmesi Orsýete ugradyldy.

Orsýet öz gezeginde Günbataryň haýryna içalyçylykly iş alyp baranlykda aýyplanylyp Orsýetde tussag edilen dört adamy Günbatar ýurtlara ugratmaklyga borçlandy.
XS
SM
MD
LG