Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Germaniýanyň kansleri Merkel bilen duşuşar


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Orsýetiň Ýekaterinburg şäherinde duşuşar diýlip garaşylýar.

Bu duşuşyk Ýekaterinburg şäherinde 14-15-nji iýulda geçiriljek Orsýet-German hökümetara komissiýasynyň maslahatynyň çäklerinde geçiriler.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Sergeý Prihodkonyň aýtmagyna görä, geçiriljek gepleşiklerde esasan Ýewropadaky howpsuzlyk, Orsýet bilen NATO-nyň hem-de Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlyklary ýaly meseleler üns merkezinde bolar.
XS
SM
MD
LG