Sepleriň elýeterliligi

Içaly wakasy näme üçin möhüm?


Gazpromyň ýolbaşçysy Alekseý Miller “Demirgazyk akym” proýektiniň turbasyna Orsýetiň baýdagyny ýelmeýär, Wyborg, 9-njy aprel, 2010-njy ýyl.

Gazpromyň ýolbaşçysy Alekseý Miller “Demirgazyk akym” proýektiniň turbasyna Orsýetiň baýdagyny ýelmeýär, Wyborg, 9-njy aprel, 2010-njy ýyl.

Öz döwründe, 1980-nji ýyllarda Waşingtonda KGB-niň iň bir möhüm agentleri bolan Aldrih Eýmes we Robert Hanssen bilen iş salşan KGB-niň ozalky ofiseri Wiktor Çerkaşin Orsýetiň içalylary bilen baglanyşykly soňky wakalary ynanyp bolmajak derejedäki absurd waka diýip atlandyrýar.

Çerkaşin «Munuň özi maňa belli bolan gizlin gulluklaryň işi däl-de, eýsem, göýä çagalar bagyndaky çagalaryň bir toparynyň içalyçylyk etmesi ýaly bir zat bolup görünýär» diýip, ýagdaýa baha berdi.

Ýöne, beýleki tarapdan, Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasynda içalyçylyk bilen bagly ýüze çykan bu soňky wakany Sowuk uruş bilen baglanyşygy bolmadyk ähmiýetsiz bir waka hökmünde häsiýetlendirmek hem bu ugurda bar bolan «uly suraty» ünsden düşürmeklik bolar.

Orsýetiň möhüm gazgeçirijisini goldaýan Italiýanyň premýeri S.Berluskoni (çepde) orsýetli kärdeşi W.Putin bilen Gernoda duşuşýar, 26-njy aprel, 2010-njy ýyl.
Hakykat ýüzünde, soňky wagtlar Moskwa öz bähbitlerini gizlin gulluklar arkaly bolmasa-da, biznes arkaly başarjaňlyk bilen Günbatarda ornaşdyryp gelýär. Onuň bu ugurdaky tagallalary bolsa, köplenç, hilegär senagat içalyçylygy, täsirleri satyn almak we bähbit araýjy gizlin ylalaşyklary baglaşmak ýaly usullar arkaly amala aşyrylýar.

On ýyl mundan ozal döwlet başyna ilkinji gezek Wladimir Putin geçeli bäri, dünýäde iň uly energiýa eksportirleýji döwlet bolan Orsýet nebit we gaz geçirijileriniň hem-de energiýa ammarlarynyň gözegçiligini öz eline almak ugrunda hereket etmek bilen, Ýewropanyň energiýa bazarlaryndaky täsirlerini görlüp-eşidilmedik derejede kem-kem artdyryp gelýär.

Käbir synçylaryň tassyklamaklaryna görä, diňe öz bähbitlerini öňe sürýän käbir Günbatar kompaniýalaryndan tapawutlylykda, Orsýetiň hususy we döwlet eýeçiligindäki kompaniýalary Kremliň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde Kremliň «oýnuny» oýnaýarlar.

Kreml bu işlerde öz eliniň barlygyny gizlemek üçin, adatça, göräýmäge ýewropalylar tarapyndan eýelik edilýän we ýewropalylar tarapyndan dolandyrylýan ýaly bolup görünýän kompaniýalary perde hökmünde ulanýar. Düýp esasda bolsa, ol kompaniýalar Moskwa tarapyndan dolandyrylýan bolup çykýarlar.

“Ýer astyndaky” kompaniýalar

Şular ýaly kompaniýalaryň hatarynda “Vemex” kompaniýasyny hem görkezmek bolar. 2001-nji ýylda Orsýetiň tebigy gazyny Günbatara satmak maksatlary bilen döredilen bu söwda kompaniýasy şu geçen döwrüň içinde Çehiýanyň içerki bazarynyň 12 prosentini öz gözegçiligine aldy.

“Vemex” kompaniýasynyň internet saýtyndaky maglumatlardan onuň Orsýet bilen hiç hili dahyly ýok ýaly bolup görünse-de, ol Şweýsariýadaky, Germaniýadaky we Awstriýadaky birnäçe kompaniýalaryň üsti bilen, ahyrky netijede, Orsýetiň «Gazprom» kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar. «Gazprom» üçin perde bolup hyzmat edýän bu kompaniýalaryň hatarynda bolsa «Centrex Europe Energy and Gas» ýaly täsirli kompaniýalar hem bar.

Hut şu «Centrex Europe Energy and Gas» kompaniýasy hem Orsýetiň tutuş Ýewropa boýunça dürli energiýa firmalaryny satyn almagyna ýardam beripdi. «Centrex Europe Energy and Gas» kompaniýasynyň özi Awstriýada registrasiýa edilen.

«Gazprom» kompaniýasynyň websaýtyndaky maglumatda «Centrex Europe Energy and Gas» kompaniýasynyň «Gazprombank» tarapyndan esaslandyrylandygy aýdylýar. Emma onuň hakyky eýesiniň kimdigini anyklamaklyk welin, asla mümkin däl.

Ýeworpa Komissiýasynyň maglumatyna görä, «Centrex Europe Energy and Gas» kompaniýasyna «Centrex Group Holding Ltd» kompaniýasy eýeçilik edýär. Ol kompaniýanyň özi bolsa Kiprde registrasiýa edilen. Oňa-da «Gazpromyň» Germaniýadaky partnýory, düýbi Wenada ýerleşýän «RN Priwatsiftung» fondy kontrollyk edýär. «RN Priwatsiftung» fondunyň hakyky aksionerleriniň kimdikleri bolsa belli däl.

Şular ýaly fondlaryň we kompaniýalaryň hakyky eýelerini gözden gizlemek arkaly, «Gazprom» Orsýetiň Ýewropadaky gerim alýan täsirlerini ýewropalylaryň gözüne ilmez ýaly edýär.

Ýakynda Birleşen Ştatlarda tussag edilen içalylar, belki, Moskwanyň haýsydyr-bir uzak möhletleýin planlary üçin ornaşdyrylan adamlardyr. Ýöne bu wakalaryň aňyrsynda her nähili maksatlaryň ýatandygyna garamazdan, ol wakalar biziň ünsümizi beýleki bir möhüm faktdan sowamaly däldir. Ol möhüm fakt bolsa, Moskwanyň gizlin gulluklarynyň Sowuk uruşda ýeňlişe sezewar bolýan ýaly bolup görünýändiklerine garamazdan, Orsýetiň öz serhetlerinden has daşarlarda özüniň effektiw täsirlerini ornaşdyrmak frontunda örän işjeň hereket edýändigi baradaky faktdyr.

Gregori Feifer Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti, “Uly töwekgelçilik: Owganystandaky sowet urşy” atly kitabyň awtory. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG