Sepleriň elýeterliligi

Elbetde, zähmet haklarynyň hem döwlet tarapyndan edilýän beýleki tölegleriň galdyrylmak fakty köp adamlar üçin gulaga ýakymly habar. Ýöne türkmen reallyklaryna nazar aýlansa, bu perman ilatyň işe ukyply uly bölegine hiç bir jähtden degişli bolmaz. Bu ýerde türkmen işsizleriniň uly armiýasy göz öňünde tutulýar.

Häkimiýetler Türkmenistanyň demokratik jemgyýet gurmak ýoluna ymykly gadam basandygyna aýak direýär. Ýöne demokratik dünýäniň ähli ýurtlaryndan tapawutlylykda, Türkmenistanyň işsiz graždanlaryna işsizlik boýunça kömek puly döwlet tarapyndan tölenmeýär.

Ondanam başga, şol işsizler hamana bu dünýäde, aýatda ýok ýaly, olar ähli demografiýa baradaky informasion dokumentlere-de girizilmeýär. Bu ýerde onlarça ýa ýüzlerçe adam däl, ýüzlerçe müň türkmenistanly işsizler barada gürrüň gidýär. Olar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň resmi çeşmelerininiň hiç birinden tapmak mümkin däl.

Käbir daşary ýurt barlaglarynyň iň bärki hasabyndan Türkmenistanda işsizlik 25% bolup, ol ýarym million zähmete ukyply adamyň işsizdigini aňladýar. Bu ýagdaý ýurtdaky ähli maşgalalara öz kölegesini salýar, iki-üç işsiziň bir maşgalada barlygym seýrek ýagdaý däl.

Ine, şeýleräk suratyň, real şekiliň fonunda prezidentiň aýlyklary, pensiýalary, stipendiýalary galdyrmak baradaky permany uly bir üstünlik bolup görünmeýär.

Ýeňiş atlandyrmak gaty kyn

Ýurtdaky demografik krizisiň fonunda bu ýokarlandyrmany ýeňiş atlandyrmak gaty kyn, munuň ýönekeý sebäbi bar: Türkmenistanda örän ýokary derejede işsizlik bar. Iň bärkisi, SSSR-iň dargamagy bilen postsowet giňişliginde dörän garaşsyz ýurtlaryň arasynda Türkmenistan işsizlik boýunça iň soňky orny eýeleýär.

Hakyky işsizlik baradaky örän gizlin saklanýan maglumatlaryň aňyrsynda türkmen jemgyýetiniň demografiýa hadysalary, ilat sany bilen bagly krizisli ýagdaýyň magumatlary hem gizlenip ýatyr.

Eger dünýä praktikasyna syn edilse, işsizlik sebäpli dörän sosial-ykdysady betbagçylygyň netijeleri jemgyýetdäki köp hadysalar bilen gös-göni baglanyşykly. Mysal üçin, öz janyna kast edýänler barada hiç hili açyk maglumat ýok. Türkmenistanda ýaşlaryň arasyndaky jelepçiligiň gerimi baradaky maglumatlar hem doly ýapyk.

Ýaş gyzlaryň gazanjyň şu görnüşi bilen ene-atasynyň ýa beýleki ýakynlarynyň rugsady boýunça meşgullanýan halatlary belli. Işsizlik Günbatarda çuňdan öwrenilen mesele bolup, onuň ýurtda jenaýatçylygyň ösmegine getirýändigi subut edildi. Türkmenistanda weli şol maglumatlar ýurduň iň gizlin syrlarynyň hatarynda saklanýar.

Maşgala howp salman durmaz

Türkmenistandaky şeýle giň möçberli işsizlik türkmen jemgyýetiniň esasy sütüni bolan maşgala howp salman durmaz, ony çagşama, ýykylma töwekgelligine getirer. Başgaça aýdylanda, işsizlik jemgyýeti emele getirýän öýjügi ýok edip biler.

Türkmenistanyn prezidenti sagdyn durmuş obrazyny aýagaldygyna wagyz edýär, ýöne gündelik durmuşdaky köpçülikleýin işsizlik ters netije berýär. Belki-de, türkmen jemgyýetindäki iň agyr dert bolan neşekeşligiň şeýle giňden ýaýramagy-da işsizligiň beren önümidir.

Şeýle aýylganç krizisli hadysalaryň bassyr-ýussur edilmegi sagdynlyga, sagdyn durmuş obrazyna getirmeýär. Aýlyklary galdyrmak baradaky prezidentiň permanyndan görnüşi ýaly, döwletiň özi ýüzlerçe müň işsize, olaryň ýakynlaryna goldaw barasynda hiç hili teklip-inisiatiwa bermeýär.

Bu ýerde mantyk-logika ýönekeý hem sadaja: başarsalar ýaşasynlar, başarmasalar ondanam gowy. Ine, “Döwlet halk üçindir” diýilýäni.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG