Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryh ýoýulmaly däldir


Biz bilmedik, taryhy hakykaty halka ýetirmek näme üçin gadagan edilýär?! Syýasat üçin edilýärmi ýa-da taryhy hakykaty ile ýetirmäge hünärmenler ýokmy?! Ýa-da hakyky taryhy ýazyp biläýjek alymlaryň bary kowlup, gadagan edilip, taryhy çeşmeleri dörmegem zoraýakdan alym ediljek bolunýan çülpe-çagalara galdymy?! Bilmedik.

Türkmenleriň Gökdepe galasyndaky gandöküşikli uruş, türkmenleriň Russiýanyň düzümine gylyjyň güýji bilen salnanlygy hakdaky hakykatyň ýüz ýyllap halka ýetirilmänliginiň aňyrsynda syýasat ýatdy. Gökdepe galasyndaky hakykat türkmenlere aýdylaýsa, türkmenleriň sowet hökümetini guran orslara-da gün bermezligi mümkindi. Ine, şunuň üçin, sowet hökümetiniň syýasaty üçin türkmen halkyna Gökdepe galasynda 1881-nji ýylda bolan ganly söweş hakda hiç zat aýdylman gelindi.

Taryhy yzyna dolap bolanok. Taryh - geçmiş. Ol geçdi gitdi. Özüniň geçen ýyllarynda bolan wakalary-da diňe ýazgylarda galdyrdy. Taryhda bolan zatlaryň gizlini ýok. Taryhy wakalar bütin dünýä aýan.

Taryhda bolan wakalar üçin bu günki nesil jogap bermeýär. Bu günki nesil diňe taryhy yzarlaýar hem-de taryhy hakykaty döwürdeşlere ýetirýär, nesillere ýazyp goýýar. Mysal üçin dünýede arap basybalyşlarynyň, pars patyşalarynyň ýörişleriniň, mongol basybalyşlarynyň bolany hakykat. Ol bütin dünýä aýan. Ony hiç kim taryh sahypasyndan öçüribem bilmez, ýa-da nesiller okamaz ýaly, ony bukubam bolmaz. Aleksandr Makedonskiniň ýörişleri, ors basybalyşlary…

Dünýäde bir halkyň beýleki bir halky basyp alşy hakdaky waka näçe diýseň ýetik. Taryhyň tom-tom kitaplary olary bize gürrüň berýär. Şonuň üçin ol zatlary agzamakdan, nesillere taryhy hakykaty dogry ýetirmekden utanmaly däl, çekinmeli däl. Taryhda boljak işler boldy. Taryhy hakykaty aýdanyň bilen taryhda basybalyjy bolan bir halkyň nesli bizden bu gün gaty görer, ýa-da biz bilen gatnaşmaz, öýkelär diýip pikir etmek ýalňyşlyk bolar. Atalaryň düýnki gün eden ýaman işleri üçin bu günki nesil günäkär däl. Bu günki nesilleriň köpüsi ýer ýüzi boýunça parahatçylykly, dostlukly ýaşamaga, birek-birek bilen düşünişip ýaşamaga başladylar.

«Darganata»

Bir sapar merhum S.Nyýazow özüniň çykyşlarynyň birinde: «Hiç bir sözi başga halkdan gelen diýmäň! Türkmenleriň ulanýan sözleriniň hemmesi türkmenleriň öz söz baýlygy!» diýip gygyrypdy. Onuň şu sözlerinden gorkdularmy-nämemi, alymlar gaýry dillerden gelen sözler hakda gürrüň etmegi bütinleý bes edäýdiler. Şonuň netijesinde bolsa gerek, prezident Nyýazowyň permany bilen Darganata etrabynyň ady hem Birata diýen at bilen çalşyryldy.

«Atalar dargamasyn, olaryň bary bir bolsun, bize dargaýan ata gerek däl, başy jem, bir bolýan atalar gerek» diýip, Nyýazow özüniň mydamaky takallary bilen Darganata etrabynyň adyny üýtgedipdi. Türkmenlerde arapşynaslar kän. Türkmenler dil öwrenmäge ökde. Olar Nyýazowyň sözlerine özleriniň hiç zat bilmeýändikleri, hiç zada düşünmändikleri üçin garşy çykmandylar diýip, aýdyp bolmaz. Olar Nyýazowyň «Hiç bir sözi başga halkdan gelen» diýmäň!» diýen sözlerinden çekinen bolmaly.

Başga halkdan seniň söz baýlygyňa täze söz goşulsa, oňa ýetesi näme bar! Söz baýlygy näçe köp bolsa, şonça gowy. Muňa diňe akylly adamlar düşünýär. Başga halkdan goşulan söze näme üçin başga halkdan goşulan diýmeli däl?! Başga halkdan-a saňa goşulýar, senden bolsa başga halka geçýär. «Internet, kompýuter, samolýot, raketa…» we ş.m. sözleri türkmeniňki diýjekmi?!

Umuman, söze dawa edýän adam kän bir gowy adam däl. Gaýtam haýsy sözüň haýsy halkdan haýsy halka geçenini öwrenmek gyzykly dälmi?! Regiondaky köp sözler regionyň halklarynyň köpüsinde bar. Şeýlelikde, «Darganata» etrabynyň ady bolup duran «darganata» sözem, merhum Nyýazowyň ruhuny gynandyrýanam bolsak, araplardan geçen söz. «Dargan» sözi «dargamak» manysyny bermeýär. Arap dilinde «Dargan» däl-de, «därgan» görnüşde ýazylýan bu sözüň birnäçe manysy bar. Onuň bir manysy «sowut» diýmek, ýagny esgerleriň geýýän demir köýnegi, ýene bir manysy «ýapynja, ýene bir manysy «ýeriň üstki gatlagy». Taryhda galan ýazgylara görä, «ata» sözi «därgan» sözüniň yzyna soň goşulypdyr. Belki, şol döwürler halk ony «Sowutly ata», «Ýapynjaly ata» manysynda ulanandyr. «Pylan halkdan gelen söz» diýmäge gedemlik edip, halka taryhy ýoýup bermek gowy däl.

Toprak ýene türkmenleriňki

Bir döwürler dünýäniň ähli künjünde-de bolşy ýaly, türkmenleriň ýaşaýan ýerlerem bir gün arap atlarynyň toýnagynyň aşagynda bolupdyr, bir gün, pars patyşalarynyň, bir gün mongollaryň, bir gün orslaryň…Aleksandr Makedonskä çenli türkmen topragyna gelen ahbeti. Iň soňunda-da bu toprak ýene türkmenleriňki bolup galypdyr. Diýmek, türkmenlerem öz topragyny gorap bilen halk bolupdyr.

Şonuň üçin taryhy syrlary açmaga çekinmeli däl. «Ine, şu şäheriň ady Makedonskiniň döwründen galypdyr, ýa-da mongollardan, araplardan, parslardan galypdyr» diýeniň bilen, bu gün olar geläge-de, «Ata-babalarymyzyň bir döwürler basyp alan ýerini ber» diýip, dawa tutmaz-a. Bolsa bolupdyr bir döwür başga kişiniňki. Esasy zat - Türkmenistan häzir türkmenleriňki. Başga halklardan ýurtda galan sözleriň manysyny tirmeli döwür häzir. Güýçli alymlarymyz dirikä, häzir şu mümkinçiligi pursatdan geçirmeli dälmikä diýip, pikir edýäris.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG