Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe gozgalaňçylara garşy göreşini artdyrýar


Türkiýäniň goranmak ministri Ankaranyň kürt gozgalaňçylaryna garşy göreşmek boýunça ýörite türgenleşdirilen goşuny döretmek barada iş alyp barýanlygyny habar berdi.

Ministr Wejdi Gönül çarşenbe güni eden çykyşynda bu topara kabul edilen adamlaryň 10 ýyla çenli bu wezipede galmaly boljakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu toparyň esasan hem gozgalaňçylaryň Türkiýä geçýän ýeri diýlip hasaplanýan Yrak serhedini gorajakdygy aýdylýar.

Wejdi Gönül ministrligiň bu topary döretmegiň kanuny ugurlary barada iş alyp barýanlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG