Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 8 amerikan esgeri heläk boldy


Geçen 36 sagadyň dowamynda Owganystanyň günortasynda bolan dürli wakalarda 8 amerikaly esger bilen bir hatarda ençeme parahat ýaşaýjynyň ölenligi aýdylýar.

Howpsuzlyk güýçleriniň Owganystanyň Kandahar welaýatynda ýerleşýän merkezine gozgalaňçylar tarapyndan sişenbe güni giçlik edilen hüjümde üç amerikaly we bir owganystanly esger bilen bäş graždanyň heläk bolanlygy aýdylýar.

Bu wakanyň jogapkärçiligini talyplar boýun aldy.

Amerikanyň beýleki dört esgeri ýurduň günortasynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy zerarly çarşenbe güni heläk boldy.

8-nji amerikaly esgeriň bolsa öňki çaknyşyklarda ýaralanan harbydygy aýdylýar. Ol çarşenbe güni aradan çykdy.

Şu aýyň dowamynda Owganystanda heläk bolan halkara harbylaryň sany 45 adama ýetdi.
XS
SM
MD
LG