Sepleriň elýeterliligi

HRW: Gyrgyzystanda etniki özbeklere basyş edilýär


Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” topary Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýurduň günortasynda ýerleşýän etniki özbekleriň gynamalara sezewar edilmeginiň etnigara çaknaşyklaryň täze tapgyryna ýol açyp biljekdigini duýdurdy.

Gurama tarapyndan ýaýradylan beýanatda geçen aý ýurduň günortasynda bolan çaknyşyklaryň jogapkärlerini jezalandyrmak boýunça Gyrgyzystanyň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan derňewlerde etniki özbeklere “gereginden artykmaç güýç” ulanylanlygy aýdylýar.

Hukuk goraýjy topar şol wakalar bilen bagly tussag edilen adamlaryň gynamalara sezewar edilenligi hem-de saklanan şol adamlaryň aklawçylaryna we maşgala agzalaryna howpsuzlyk güýçleri tarapyndan haýbat atylanlygy barada dokumentleri ele salanlygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG