Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň premýer-ministriniň öňki orunbasary Bagdada tabşyryldy


Yragyň Adalat ministrligi ýurduň premýer-ministriniň öňki orunbasary Taryk Aziz bilen bir hatarda Yragyň öňki prezidenti Saddam Huseýiniň hökümetiniň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan ybarat 55 adamy ABŞ-nyň Bagdada tabşyranlygyny habar berdi.

Yragyň adalat ministriniň orunbasary Buşu Ibrahim şol tussaglaryň geçen üç günüň dowamynda yrakly ýolbaşçylara berlenligini mälim etdi. Amerikaly resmiler bu habary tassykladylar, emma olar bu barada jikme-jik maglumat bermekden saklandylar.

Aziziň aklawçysy Badeý Aref bolsa Frans Press habar agentligine beren interwýusynda “häzir Aziziň janyna howp abanýanlygyny” öňe sürdi.

Taryk Aziz Saddam Huseýiniň Yraga ýolbaşçylyk eden döwründe, 1991-nji ýylda Yragyň premýer-ministriniň orunbasary wezipesine bellenipdi.

Taryk Aziz adam öldürenlikde aýyplanyp, 2009-nji ýylda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Soňra ol Yragyň demirgazygyndan kürtleri kowup çykaranlykda aýyplanyp, oňa goşmaça 7 ýyl berildi.
XS
SM
MD
LG