Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow hökümet maslahatyny geçirdi


Düýn prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» turistik zonasyndaky «Serdar» myhmanhanasynda wise-premýerleriň, parlamentiň başlygynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň we milli «Awaza» turistik zonasy boýunça Komitetiň başlygynyň gatnaşmagynda hökümet maslahatyny geçirdi.

Maslahatda parlamentiň başlygy we wise-premýerler deputatlara hem-de ministrlikleriň işgärlerine «Awaza» turistik zonasynda dynç almak üçin döredilen mümkinçilikler üçin ýurduň prezidentine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Şeýle hem, olar öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada döwlet liderine hasabat berdiler.
XS
SM
MD
LG