Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow daşary ýurtly resmiler bilen duşuşdy


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» turistik zonasynda käbir daşary ýurtly resmiler bilen duşuşyk geçirdi.

Hususan-da, ol ýörite delegasiýa ýolbaşçy bolup Türkmenistana baran Malaýziýanyň daşary işler ministri Anifah bin Amany, Germaniýanyň Doýça Bankynyň dolandyryşynyň başlygynyň orunbasary Ýurgen Fitçeni we bu bankyň Merkezi hem-de Gündogar Ýewropa boýunça bölüminiň ýerine ýetiriji direktory Piter Tilsi, şeýle hem Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasynyň başlygy Erol Tabanja dagylary kabul etdi.

Bu duşuşyklarda türkmen prezidenti daşary ýurtly myhmanlar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ösdürmekligiň dürli ugurlary barada pikir alyşdy.

Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasynyň başlygy Erol Tabanja öz duşuşygynda prezident Berdimuhamedow bilen birlikde, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlaryny we käbir pudak ýolbaşçylaryny öz kompaniýasynyň Türkmenistanda amala aşyrmaklygy göz öňünde tutýan birnäçe uly täze gurluşyk proýektleri bilen tanyşdyrdy.
XS
SM
MD
LG