Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Gyrgyzystandaky ýagdaýlara alada bildirýär


Düýn ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Gyrgyzystanyň günortasynda howpsuzlyk gulluklary tarapyndan etniki özbekleriň bikanun tussag edilmekleri we gynalmaklary ýaly wakalaryň bu regionda etniki bulagaýçylyklaryň täzeden möwç almagyna getirmeginiň mümkindigini duýduryp, beýanat ýaýratdy.

Human Rights Watch guramasy öz beýanatynda hökümetiň alyp barýan derňew işleriniň barşynda özbek milletiniň wekilleriniň birtaraplaýyn ýagdaýda gysyşlara sezewar edilýändiklerini belläpdir.

Beýanatdy Gyrgyzystanyň günorta regionynda etniki bulagaýçylyklarda güman edilip tussag edilen birnäçe adamyň gynamalara sezewar edilendikleri hem-de olaryň maşgala agzalarynyňdyr aklawçylarynyň hem gorkuzmalara we hüjümlere duçar bolandyklary barada faktlaryň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG