Sepleriň elýeterliligi

BMG: Kosowanyň garaşsyzlygy meselesine garalar


Düýn Birleşen Milletler Guramasynyň halkara sudy 2008-nji ýylda Kosowanyň birtaraplaýyn ýagdaýda öz garaşsyzlygyny yglan etmeginiň halkara kanunçylygyna garşy gelip-gelmeýändigi baradaky meselä garamakçydygyny mälim etdi.

Halkara sudunyň maglumatyna görä, sud bu meselä geljek hepde garar. BMG-niň sudy bu mesele baradaky gutarnykly kararyň 22-nji iýulda geçiriljek açyk diňlenişikde yglan ediljekdigini mälim etdi.

Kosowa 2008-nji ýylda birtaraplaýyn ýagdaýda özüniň Serbiýadan garaşsyzdygyny yglan edipdi. Şu geçen döwrüň içinde onuň garaşsyzlygyny dünýäniň 69 döwleti resmi ýagdaýda ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG