Sepleriň elýeterliligi

ABŞ içalyçylykda aýyplanýanlaryň 12-njisini ekstradisiýa etdi


Düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlary Orsýetiň haýryna içalyçylykly iş alyp baranlykda aýyplalynyp tussag edilen adamlardan 12-njisini Orsýete ekstradisiýa etdi.

Birleşen Ştatlaryň Milli Howpsuzlyk departamentiniň metbugat sekretary Matt Çandler 23 ýaşly Alekseý Karetnikowyň Birleşen Ştatlaryň immigrasiýa sudýasynyň karary bilen ýurtdan çykarylmaly edilendigini aýtdy.

Geçen hepde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu ýurtda içalyçylykly iş alyp baranlykda aýyplanylyp tussag edilen 10 adamy Orsýetde Günbataryň haýryna içalyçylyk edenlikde aýyplanylyp tussag edilen 4 adam bilen çalyşdy.
XS
SM
MD
LG